MEDENIÝET

Kino hepdeligine we kinofestiwala badalga berildi

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli “Aşgabadyň waspy kino sungatynda” atly türkmen filmleriniň kino hepdeligine  hem-de “Aşgabat bahary” atly gysga göwrümli çeper filmleriň kinofestiwalyna badalga berildi.

Paýtagtymyzdaky “Aşgabat” kinoteatrynda ilki bilen 10-16-njy amý aralygynda geçirilýän “Aşgabadyň waspy kino sungatynda” atly türkmen filmleriniň kino hepdeligine badalga berildi. Bu çäräniň ilkinji güni “Durmuş kyssalary” filminiň görkezilişi boldy. Bu ýere artistler, sungat ussatlary, belli aýdymçy-sazandalar, žurnalistler, kino muşdaklary we köp sanly myhmanlar gatnaşdy. Bu dabara “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň döredijilik topary çagyryldy.

“Aşgabadyň waspy kino sungatynda” atly hepdeligiň çäklerinde 16-njy maýa çenli “Türkmenistan” hem-de “Watan” kinoteatrlarynda hem dürli ýyllarda düşürilen filmleriň görkezilişi bolar. Festiwalda “Ýuwaş gelin” (1970 ý.), “Bagt guşy” (2006ý.), “Gyzykly gezelenç” (2009 ý.), “Kämillige ýol” (2017ý), “Ilkinji ekzamen” (1958ý.), “Ýaş köňülleriň ganaty” (2020ý.), “Japbaklar” (1973ý.), “Galkynyş” (2020ý.), “Aşyr aganyň hötjetligi” (1955ý) we “Gumly gelniň aýdymy” (2013ý) filmleri görkeziler.

16-njy maýdan soňra “Aşgabat bahary” atly gysga göwrümli çeper filmleriň kinofestiwaly geçiriler. Bu festiwala 20-den gowrak dürli filmler hödürlendi. Olaryň arasynda saýlanan 10 film “Aşgabat” kinoteatrynda görkeziler.

Festiwalyň jemleýji dabarasy, ýagny baýrak gowşurylyş dabarasy 23-nji maýda geçirilip, onuň çäklerinde gysga göwrümli filmlere baş baýrak bilen bir hatarda, eminler toparynyň baýragy, “Iň gowy režissýor”, “Iň gowy ssenari eseri”, “Iň gowy operatoryň işi”, “Iň gowy şekil döreden erkek keşbi”, “Iň gowy şekil döreden zenan keşbi” ugurlaryndan baýraklar gowşurylar. Bu filmlere syn edýän tomaşaçylar öz halan filmini saýlap bilerler. Şol film “Aşgabat bahary” kinofestiwalynyň tomaşaçylar tarapyndan saýlanan filmiň ýeňijisi bolar.

THY ýörite uçar gatnawyny amala aşyrdy

Ýene-de okaň

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

18-25-nji ýanwar: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Bathyz goraghanasynda ýene-de bir ene alajagaplaň ýüze çykaryldy

Türkmenistanyň döwlet kitaphanasyna pars dilindäki kitaplar sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

“Altyn Globus” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Las-Wegasda türkmen zenan el sumkasy dünýäniň iň meşhur sport ýyldyzlarynyň ýadygärlikleriniň arasynda ýerleşdirildi

Dr.Döwran Orazgylyjov