TEHNOLOGIÝA

“Kia”-nyň täze ulagy

Günorta Koreýanyň awtoulag öndüriji “Kia” kompaniýasy “Optima” modeliniň ornuny tutjak täze “K5” modelini hödürledi. Kompaniýanyň “Optima” modeli ABŞ ýaly ýurtlarda has köp satylan modelleriniň biri boldy.

Kompaniýanyň täze ulagy “gaplaň burny” diýlip kesgitlenen öň paneli bilen hem köpleriň ünsüni çeker diýip bellenilýär.

“2021 Kia K5” turbo görnüşli 1,6 litrlik dört silindrli hereketlendiriji bilen 180 at güýjüne barabardyr. Ulag goşmaça 4 tigirli ulgam bilen enjamlaşdyrylandyr we 8 tizlikli goşa debrýus awtomatiki geçirijisini özünde jemleýär.

Ulagyň 100 kilometrlik tizlige ýetmegi üçin 5,8 sekunt gerek bolýar.

Täze “Kia K5” ulagynyň “Drive Wise” atly howpsuzlyk bukjasy hem sürüjilere uly amatlylyklar berýär.  Bu bukjada pyýadalary kesgitlemegiň awtomatiki gyssagly tormozy, zolagy yzarlamak boýunça kömekçisi, sürüjä duýduryş berýän signallary bar.

Ulag şu ýylyň tomsunda ABŞ-da satuwa çykarylar.

Ýene-de okaň

Dubaýda sürüjisiz taksiler synag tertibinde işläp başlady

Ata Watan Eserleri

Hytaýda ilkinji emeli aňly ýol gözegçisi işe girizdi

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär

BMG: dünýäde internet ulanyjylarynyň sany 6 milliarddan geçdi

Aşgabat-Astana: Merkezi Aziýada täze sanly ýollar dörediler

Awstraliýada 16 ýaşdan kiçi çagalar üçin jemgyýetçilik torlar gadagan edildi