BIZNES

Kerki-Şibergan elektrik geçiriji ulgamy işe girizildi

Şu gün, 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda Kerki (Türkmenistan) – Şibergan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamy dabaraly ýagdaýda işe girizildi.

Bu elektrik geçiriji ulgamynyň işe girizilmeginden öň Türkmenistanyň Energetika ministri Çarymyrat Pürçekow hem-de Owganystanyň suw we energetika meseleleriniň sazlaşdyrylmagy boýunça müdirliginiň Baş direktory Han Mohammad Takal dagylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda çärä gatnaşyjylara bu desganyň gurluşygynyň barşy hakynda gürrüň berdiler hem-de onuň işe girizilmäge taýýarlygy barada hasabat berdiler.

Öz çykyşynda Ç.Pürçekow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda elektrik energiýasynyň eksport göwrümleriniň we geografiýasynyň ýaýbaňlandyrylmagy ugrunda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini belläp geçdi. Kerki-Şibergan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamynyň işe girizilmegi Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygynyň barha ösdürilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

Iki doganlyk ýurduň Döwlet Baştutanlaryny, şeýle-de halklaryny bu elektrik geçiriji ulgamynyň işe girizilmegi bilen gutlap, Han Mohammad Takal bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşan owgan we türkmen kärdeşlerine minnetdarlyk sözlerini beýan etdi. Ol Owganystana sebitleýin elektrik energetika bazarynyň aýratynlyklaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän zerur infrastrukturalaryň döredilmegi boýunça bilelikdäki taslamalaryň derwaýyslygy barada gürrüň berdi. Ýurduň energohowpsuzlygynyň saklanylmagynyň Owganystanyň Hökümetiniň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň Kerki-Şibergan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamynyň işe girizilmegine ak pata berenlerinden soňra, çärä gatnaşyjylar monitorda elektrik geçirijisine güýjenmäniň berilmeginiň tehnologiki görnüşine tomaşa etdiler.

Kerki (Türkmenistan) – Şibergan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamynyň uzynlygy 153 kilometre we kuwwaty 500 kW barabar bolup, ol «Тürkmenistan – Owganystan – Pakistan» elektrik geçiriji ulgamynyň bir bölegini düzýändir hem-de üç ýurduň arasynda elektrik energiýasynyň eksport we import edilmegi üçin zerur infrastrukturalaryň döredilmegine gönükdirilendir. Şunlukda Türkmenistanyň elektrik energiýasy Owganystanyň birnäçe şäherlerine, hususan-da Mazari-Şarif şäherine, soňralygy bilen hem Pakistanyň şäherlerine ugradylar.

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Eýranda maliýe özgertmeleri: pul birligi çalyşýar

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi

“Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan” demirýoluň gurluşygyna başlanýar

Eýranyň Gürgen şäherinde Türkmenistanyň harytlaryň sergisi geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistan Malaýziýa bilen oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygyny giňelder

“Iran Agro Fud” atly Eýranyň 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri