Ady we familiýasy: Kerim Gurbannepesow
Doglan ýeri: Gökdepe etraby Ýylgynly obasy
Doglan senesi: 1929-njy ýyl
Aradan çykan senesi: 1988-nji ýyl
Bilimi:Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we
edebiýaty bölümi
Gysgaça maglumat: Türkmenistany halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi. Kerim Gurbannepesow ilkinji jahan urşunyň kynçylykly ýyllarynda olaryň maşgalasy Tejene göçüp barýar. Geljekki şahyr Tejende ýaşan ýyllary “Zarpçy”, soňra “Tejenstroý” gazetleriniň redaksiýasynda işleýär.
Kerim Gurbannepesow 1945-1946-njy ýyllarda Tejen derýasynyň boýunda gurulýan emeli suw howdanynyň gurluşygynda işleýär. Şol ýerde-de ol ýörite gurluşykçylar üçin çykarylýan gazetde öz goşgulary bilen yzygider çykyş edip başlaýar. Ony şol gazetiň jogapkär kätibi edip işe alanlaryndan soňre, Kerim Tejeniň etrap gazetinde, “Ýaş kommunist” respublikan gazetinde öz goşgularyny çap etdirýär. 1952-nji ýylda ýaş şahyryň ilkinji goşgular kitaby neşir edilýär. Ellinji ýyllaryň başlaryndan başlap, Kerim Gurbannepesowyň eserleri dowamly neşir edilýär.Kerim Gurbannepesow geçen asyryň 50-60-njy ýyllarynda Gündogaryň söz ussatlarynyň-Hafyzyň, Nyzamynyň, Jamynyň, Dehlewiniň, Fizulynyň, Nowaýynyň, Rabindranat Tagoryň…eserlerini irginsiz okaýar.Olardan azda-köpde terjimeler edýär. Şol bir wagtda-da Günbataryň Şandor Petefi, Logann Gýote, Uolt Uitmen, J. Rodary ýaly şahyrlaryny öwrenýär. Rus we beýleki halklaryň: A.Puşkin, N.A.Nekrasow, Lesýa Ukrainka, N.Barataşwili, Saýat Nowa… ýaly nusgawy şahyrlarynyň eserlerini türkmen diline geçirýär. Kerim Gurbannepesowyň terjime eden ululy-kiçili 250 töweregi eserleri Türkmenistanda terjime edebiýatynyň altyn hazynasynda orun aldy. Kerim Gurbannepesow ýaşlaryň maslahatçysy, uly halypasydy. Türkmen şygyrýetiniň zehinli täze tapgyrynyň köpüsi ony öz halypalary hasaplaýarlar. Onuň edebiýatymyzy kämilleşdirmekdäki bitiren hyzmatlaryna mynasyp hormat goýýarlar. Kerim Gurbannepesowyň ajaýyp eserleriniň biri “Aýal bagşy” atly poemasydyr.
Çeşme: Edebiýat.umumy orta bilim berýän mekdepleriň 7-nji synpy üçin okuw kitaby.-A.:Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2016 sahypa-236-237
Taýýarlan : Aýlar Nurmuhammedowa
Taýýarlanan senesi:25.04.2022 ýyl