TEHNOLOGIÝA

Kelläni massaž edýän enjam

Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasy özüniň Youpin platformasynda “Momoda” atly kaska görnüşinde kelläni massaž ediji akylly enjamyny hödürledi. Bu akylly massaž ediji enjam kelläňizi, boýnuňyzy we gözleriňizi agyrtmaz ýaly ýörite ýassyjaklar ýerleşdirilen. Ýedi sany kelläni massaž edýän ýassyjaklar, kelläňiziň gan aýlaýşyny gowulandyrar, şeýle hem kelläňizi rahatlandyrar. Enjam 40 derejedäki ýyladyş temperaturasy we howa basyşy bilen gözleriňizi ýeňil massaž eder we gözleriň guraklygy we agyry alamatlaryny doly derejede ýeňilleşdirer. Kompýuteriň öňünde köp wagtlap oturýan adamlar üçin täze enjamda wibrasiýa funksiýasy ornaşdyrylan. Bu bolsa boýnuňyzda emele gelýän agyryny ýeňilleşdirýär.

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanly hukukçy “Lex Lawyer Now” sanly platformasyny döretdi

Ata Watan Eserleri

Sosial media endikligi boýunça uly kazyýet işlerine başlanýar

Türkmenistanda emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň kadalary işläp taýýarlanylýar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Soňky 3 ýylda emeli Intellekt baradaky çaklamalar näderejede üýtgedi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Hemişe onlaýn: «TELECOMWIFI» we «TM CELL»-iň amatly internet teklipleri

«Türkmentelecom» «bulut» infrastrukturasynyň mümkinçiliklerini artdyrýar