SPORT

“Kaýrat” toparynyň tälimçisine awtoulag sowgat edildi

“Astana Motors” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Nurlan Smauglow Gazagystanyň “Kaýrat” toparynyň baş tälimçisi Rafael Urazbahtine toparyny Çempionlar ligasynyň umumy tapgyryna çykarandygy üçin awtoulag sowgat berdi. Bu barada “Tengrinews” habarlar gullugy habar berdi.

26-njy awgustda “Kaýrat” topary Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynda Şotlandiýanyň “Seltik” toparyny ýeňip, Gazagystanyň taryhynda bu iri halkara ýaryşyň esasy tapgyryna çykan 2-nji topar boldy. Mundan ozal, 2015-nji ýylda “Astana” topary Çempionlar ligasynda çykyş edipdi.

“Ýeňşiňiz bilen buýsanýarys, bu diňe “Kaýrat” üçin däl, eýsem Gazagystanyň ähli futboly üçinem ägirt ädimdir. Size täze üstünlikler arzuw edýäris we topary goldamaga hemişe taýýardyrys, “Kaýratyň” Ýewropany geň galdyryp biljekdigine ynanýarys. Öňüňizde Alma-Ata şäherinde meşhur “Real Madrid” topary bilen duşuşygyňyz bar” – diýip, “Astana Motors” kompaniýasynyň esaslandyryjysy belledi.

Toparyň 21 ýaşly derwezeçisi Temirlan Anarbekowa “Macbook” sowgat berildi.

“Kaýrat” topary esasy tapgyrda Italiýanyň “Inter”, Belgiýanyň “Brýugge”, Angliýanyň “Arsenal”, Gresiýanyň “Olimpiakos”, Kipriň “Pafos” topary bilen duşuşar.

Ýene-de okaň

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri