SPORT

Katar-2022: 17 günde 765 müň adam bardy

Futbol boýunça dünýä çempionatyny gurnaýan Katar 17 günde 765 müň adamy kabul etdi. Bu barada dünýäniň iri iri ýaryşyny gurnaýan tarapyň guramaçylyk topary habar berdi.

Hasabata görä, Katar ýaryşyň geçýän döwründe 765 müňden gowrak daşary ýurtly myhmanlary kabul etdi. Olaryň ýarysyndan gowragy eýýäm Katardan gitdiler.

Mälim bolşuna görä, dünýä çempionaty üçin 3,09 million bilet satyldy. 52 duşuşyga gatnaşyjylaryň sany 2,65 million adama deň boldy.

Häzirki wagtda dünýä çempionatynda 56 duşuşyk geçirildi. 9-njy dekabrda 1/4 finalyň ilkinji duşuşyklary oýnalar. Niderlandlar bilen Argentina hem-de Horwatiýa bilen Braziliýa duşuşar. 10-njy dekabrda bolsa, Angliýa bilen Fransiýa, Marokko bilen Portugaliýanyň duşuşyklary geçiriler.

Katardaky dünýä çempionatynyň duşuşyklary 8 stadionda oýnalýar. Dünýä çempionatynyň final duşuşygy 18-nji dekabrda Lusaildäki milli stadionda oýnalar.

Dohadaky dünýä çempionaty üçin gurnalan “Stadion-974” stadiony sökülip başlandy. Bu stadionda dünýä çempionatynyň 7 duşuşygy geçirildi. Ol ýük konteýnerlerinden düzüldi. Ony sökmek işine girişildi.

Ýene-de okaň

FIFA-nyň hünärmenleri Aşgabatda okuw-maslahatlaryny geçirýärler

UEFA Çempionlar ligasynyň garaşylmadyk netijeleri

Türkmen futbolçysy Gyrgyzystanyň çempionynyň düzüminde çykyş eder

“Mançester Siti” Angliýanyň milli ýygyndysynyň goragçysyny transfer etdi

Senegal Afrika milletler kubogyny gazandy

Los-Anželes 2028 Olimpiýa oýunlarynyň biletleri satylyp başlaýar

Dr.Döwran Orazgylyjov