DÜNÝÄ

Karl III şa zenany Ýelizawetanyň atlaryny satdy

Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III merhum şa zenany Ýelizaweta II iň gowy görýän we at çapyşyklaryna gatnaşýan atlaryny satdy. Karl III bu atlary satyp, 1 million funt-sterlingden gowrak girdeji gazandy.

“The Sun” neşiriniň habar bermegine görä,  Patyşa Karl III “Tattersalls” auksionynda Ýelizawetanyň 14 atyny satydy. Şol atlaryň arasynda “Love Affairs” atly at hem bar. Ol Ýelizaweta II aradan çykmazyndan bir-iki gün öňýanynda geçirilen at çapyşyklarynda ýeňiji bolupdy.

Satylan atlardan 1,075 million funt-sterling girdeji edildi. Her bir at ortaça 75 müň funt-sterlinge satyldy.

Mälim bolşy ýaly, Ýelizaweta II atlaryň muşdagy bolup, at çapyşyklary bilen gyzyklanýardy. Ol at çapyşyklaryndan 10 million funt-sterling gazanypdy.  Ejesi ýogalandan soňra ogly Patyşa Karl III bu atlaryň eýesi boldy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Karl III täç giýdirmek dabarasy 2023-nji ýylyň 6-njy maýynda geçiriler.

Ýene-de okaň

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň konwensiýalaryna goşular

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy