TESWIRLER

Kärhanalar Kanuny : Täze Üýtgetmeler we Goşmaça

Ýaňy ýakynda “Kärhanalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny  (mundan beýläk Kanun) kabul edildi we Kanunyň  degişli maddasyna görä şol Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýar. Ýagny 28-nji Mart 2020 senesinde bu üýtgetmeler we goşmaça herekete girdi.

Bu Kanunda ünsimizi çekýän iki husus bar, olaryň biri Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatoryndaky iş görnüşleri bilen baglanşykly bolsa, beýlekisi kärhanalaryň esaslyk maýalaryna degişli hususlardyr.

IŞ GÖRNÜŞLERI

Tertipnamada iş görnüşleri

Kanun bilen “Kärhanalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny 13-nji maddasynyň ikinji böleginiň bäşinji tesiminde “we görnüşleri “ diýen sözleri aýyrmaly diýip bellenilen. Ýagny bu maddanyň 2-nji bölegi Tertipnamada bolmaly hususlary belleýär we Kanunyň üýtgetmeler girizilmeden öňki ýagdaýynda Tertipnamada kärhananyň ady, hukuk salgysy, esaslandyryjylaryň sanawy ýaly hususlar bilen bilelikde kärhananyň işiniň görnüşleri hem bolmalydy. Täze ýagdaýda bolsa, işiň görnüşleri aýryldy. Başgaça aýdanymyzda mundan beýläk kärhananalaryň Tertipnamasynda işiň görnüşleri bolmaly däl.

Gaýtadan bellige almak

Şeýle hem, Kanun bilen “Kärhanalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 21-nji maddasynyň ikinji böleginiň birinji tesimindäki  “ýa-da kärhananyň işiniň görnüşiniň (görnüşleriniň)” diýen sözleri aýyrmaly diýlip bellemeli.  Kärhanalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny 21-nji maddasy kärhanany gaýtadan bellige almagy düzgünleşdirýär. Şol maddanyň ikinji bölegi bolsa haýsy ýagdaýlarda kärhananyň gaýtadan bellige alynjakdygyny düzgünleşdirýär we olaryň arasynda kärhananyň işiniň görnüşiniň üýtgemegi hem sanalýardy. Täze düzgünleşdirme bilen diňe kärhananyň işiniň görnüşleriniň üýtgemegi kärhanany gaýtadan resmileşdirmek üçin sebäp däl.

 

Kärhananyň iş çygry

Kanunda  “Kärhanalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 34-nji maddasynyň üçünji böleginde “Kärhana” diýen sözden soň “ Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda” diýen sözleri goşmaly diýip bellenen. “Kärhanalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 34-nji maddasy Kärhananyň iş çygryny düzgünleşdirýär we şol maddanyň üçünji bölegi Kärhana işiň bir ýa-da birnäçe görnüşini amala aşyrmaga haklydyr diýip düzgünleşdirýär. Täze ýagdaýda bolsa,

Kärhana Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda işiň bir ýa-da birnäçe görnüşini amala aşyrmaga haklydyr”

görnüşinde üýtgedi.

Ygtyýarnama

Kanun bilen Işiň çygry bilen baglanşykly 34-nji maddanyň dördünji bölege, ýagny “Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan diňe ýörite rugsat (ygtyýarnama) esasynda amala aşyrylýan kärhanalaryň işiniň aýratyn görnüşleri kesgitlenýär. Ygtyýarnamalar kärhanalara şolar döwlet belligine alnandan soň berilýär” diýen bölege

Kärhana ygtyýarlylandyrylmagy, sertifikatlaşdyrylmagy we beýleki rugsat beriji resminamalaryň alynmagy talap edilýän işleriň görnüşleri bilen, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ygtyýarnama, sertifikat we beýleki rugsat beriji resmimalalary alandan soň meşgullanyp bilýär” diýen tesim goşuldy.

ESASLYK MAÝA

Kanun bilen “Kärhanalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 26-nji, 27-nji, 27(1)-nji, 28-nji we 29-nji  maddasynda üýtgetmeler girizildi. Bu üýtgetmeler kärhanalaryň esaslyk maýasy bilen baglanşykly hususlary düzgünleşdirýär. Şonda, öňki ýagdaýdaky esaslyk maýasy kesgitlenende öň “Türkmenistanda bellenen zähmet hakynyň Iň pes möçberinden….” hasaba alynýan bolsa indi bu ýagdaý  “Türkmenistanyň kanunçylygy bilen salgytlary  we ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdaryň ….” diýen sözler bilen çalyşdy. Şeýlelikde,

 

Ýekebara kärhana

Ýekebara kärhananyň esaslyk maýasynyň iň pes möçberi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen salgytlary  we ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdaryň 25 esse möçberinden ybarat bolmalydyr.

Hyzmatdaşlyk kärhanasy

Hyzmatdaşlyk kärhanasynyň esaslyk maýasynyň iň pes möçberi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen salgytlary  we ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdaryň 50 esse möçberinden ybarat bolmalydyr.

Bilelikdäki Kärhana

Bilelikdäki kärhananyň esaslyk maýasynyň iň pes möçberi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen salgytlary  we ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdaryň 100 esse möçberinden ybarat bolmalydyr.

Jemgyýetçilik guramasynyň kärhanasy

Jemgyýetçilik guramasynyň kärhanasynyň esaslyk maýasynyň iň pes möçberi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen salgytlary  we ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdaryň 100 esse möçberinden ybarat bolmalydyr.

Hojalyk şereketi

Hojalyk şereketiniň esaslyk maýasynyň iň pes möçberi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen salgytlary  we ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdaryň 100 esse möçberinden ybarat bolmalydyr.

Ýene-de okaň

14 möjek nähili 94 milliard dollarlyk bähbit emele getirdi?

Ata Watan Eserleri

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri