SIZDEN GELENLER

Kanadanyň  medeniýeti we däp-dessurlary barada

 

  • Ýerli medeniýeti we dili

Kandanyň medeniýeti ilkibaşda dürli Ýewropa medeniýetlerini we däp-dessurlaryndan, esasanam Britan we Fransuz medeniýetinden, şeýle hem ýerli halklaryň medeniýetlerinden we goňşy ABŞ-dan täsirlenipdir.

Kanada, umuman alanyňda, beýleki medeniýetlere we dinlere gaty açyk we kabul ediji garaýyşdadyr.

Kanadanyň 2 sany resmi dili bar: iňlis we fransuz dilleri. Iňlis dilinde gürleýänleriň aglaba köplügi 60% töweregi. Kanadanyň immigrantlara taryhy taýdan hoşniýetli garaýşy sebäpli, ýurtda gürlenýän diliň garyndysy dürli-dürli we ilaty hytaý, punjabi, ispan,nemes we italýan dillerini bilýär. Kanadada ýaşaýan ýerli halklaryň az sanly ilatynyň gürleýän ýerli dilleriň bir bölegi bar. Gynansagam, ene dilinde gürleýänleriň sany gaty az bolansoň, bu dilleriň köpüsiniň birnäçe nesilden gowrak ýaşap biljekdigine garaşylmaýar.

  • Egin-eşik
  • Kanadanyň eşikleri ABŞ-nyň beýleki Günbatar ýurtlarynyň köpüsine meňzeýär. Esasy bellemeli zat, ýurduň uly ýerlerinde gaty sowuk bolup biler (käbir demirgazyk sebitlerde howanyň temperaturasy -400С çenli peselip biler).
  • Etika we däp-dessurlar

Kanadalylar köplenç mylakatly we çydamlydyr. Islendik uly ýurtda bolşy ýaly, bir sebitden beýlekisine etika we edep-terbiýe taýdan köp üýtgeşiklik bar.

Kanadalylar, umuman, mylakatly we olar bilen gowy gatnaşykda bolmak isleseňiz, edep-terbiýäni ýatda saklamaly. Ýerli ýaşaýjylar    bilen nahar iýýän bolsaňyz, saçak düzgüni diýseň resmi däl, aýratyn tagamlardan ýüz öwürmek ýa-da iýmit hakda sorag bermek barada alada etmeli däl. “Haýyş edýärin” ýa-da “Sag boluň” sözlerini ýatdan çykarmaly däl. Kimdir biriniň öýüne nahara çagyrylsa, bir çüýşe şerap ýa-da şokolad ýaly kiçijik sowgat getirmek sypaýy hasaplanylýar.

  • Köp medeniýetlilik we dürlilik

Taryhy taýdan Kanada immigrantlary garşylamak bilen güýçli bir ýurda öwrülip başlady. Häzirki wagtda dürli medeniýetleriň jemgyýete goşýan baýlygyna we dürliligine baha bermegini dowam etdirýär. 1971-nji ýylda Kanada dünýäde köp medeniýetliligi resmi syýasat hökmünde kabul eden ilkinji ýurt boldy. Bu, adamlaryň özboluşly medeni aýratynlyklaryny saklamak hukugyny tassyklady.

  • Daşky gurşawa bolan söýgi

Kanadalylar baý we bol baýlyklaryna buýsanýarlar we daşky gurşawa çuňňur hormat goýýarlar. Şeýle hem, seýilgählerini we açyk meýdanlaryny aýawly saklaýarlar we daşky gurşawy goramak baradaky syýasatlary kabul edip, olary berjaý edýärler.

Çeşmesi:  https://canadianvisa.org                            

 

 Agajanowa Gülälek, 

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň

 “Daşary ýurt dilleri we edebiýaty”  fakultetiniň talyby

 

Huşundan gidip, çempion boldy

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti