DÜNÝÄ

Kamala Harris dalaşgärlige has ýakyn

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden 5-nji noýabrda geçiriljek Prezident saýlawynda dalaşgär bolmajakdygyny, wise-prezident Kamala Harrisi goldajakdygyny mälim edipdi. Entek resmi ýagdaýda yglan edilmese-de, Harris Demokrat partiýadan dalaşgärlige iň ýakyn adam hasaplanýar. Şeýle-de bolsa, Baýdeniň öz ýerine Harrisi dalaşgärlige teklip etmeginden 24 sagat geçenden soňra Harris üçin 81 million dollar pul bagyşlanandygy mälim edildi. Amerikan metbugatyna görä, agzalýan görkeziji 24 sagatda toplanan iň köp pul hasaplanýar.
ABŞ-da prezident saýlawlarynyň döwründe bagyş edilen pullaryň möçberi we pul bagyşlanlaryň sany saýlawyň netijesi barada pikir ýöretmäge mümkinçilik berýär. Şol sebäpli saýlaw prosesinde saýlaw kompaniýasy üçin meýletin bagyş edilýän pullar aýratyn ähmiýetli hasaplanýar.

Kamala Harris 1964-nji ýylda doguldy. Ol Amerika daşary ýurtdan göçüp gelen maşgalada dünýä indi. Ejesi Hindistandan, biolukmançylyk boýunça meşgullanypdyr, kakasy Ýamaýkadan, hünäri boýunça ykdysadyýetçi.

1986-njy ýyla Kamala Harris Goward uniwersitetini ykdysadyýet we syýasat ylymlary bakalawr ugry boýunça tamamlaýar. 1989-njy ýylda Harris Kaliforniýa uniwersitetinde hukuk ugry boýunça bilim alýar. 1990-njy ýylda Kaliforniýa ştatynyň adwokatlar kollegiýasynyň düzümine girýär.

2010-njy ýylda Kaliforniýa ştatynyň baş prokurorlygyna saýlanan Kamala Harris 2016-njy ýylda Senatyň düzümine girýär. Ol ABŞ-nyň wise-prezidenti wezipesine saýlanyp, bu wezipäni eýelän ilkinji afroamerikaly we Aziýadan gelip ýykan ilkinji amerikaly zenan boldy.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri