JEMGYÝET

Jozef Baýden Türkmenistanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkynyň adyndan Size we türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan etmek isleýärin. Birleşen Ştatlar hemişe Siziň ýurduňyzyň özygtyýarlylygyny we Garaşsyzlygyny goldaýar.

Türkmenistan bilen ABŞ hyzmatdaşlyk ruhunda öz halklary, dünýädäki ähli adamlar üçin has gowy geljegi gurýarlar. Ýurtlarymyz howanyň üýtgemeginiň esasy sebäbi bolan metanyň zyňyndylaryny azaltmak ugrunda bilelikde işleýärler. Şeýle hem biz durnukly oba hojalygyny ýöretmegiň tejribesini ilerletmek boýunça hyzmatdaşlyk edýäris.

Men Siziň bilen hem-de Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary bilen geçen ýyl “С5+1” görnüşinde geçen birinji sammitde duşuşandygyma şatdyryn. Geljek ýyllarda umumy maksatlarymyzy ilerletmekde has gowy netijeleri gazanjakdygymyza tüýs ýürekden umyt edýärin. Size we ähli türkmen halkyna milli baýram bolan Garaşsyzlyk gününi uly şatlyk bilen baýram etmegiňizi arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Jozef Baýden,

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti.

Ýene-de okaň

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýran ynsanperwer kömek üçin Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasynа minnetdarlyk bildirdi