JEMGYÝET

Jemal Saparowa «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen adyna eýe boldy

A.S.NURMUHAMMEDOWA «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak hakynda

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň we merdana halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň häzirki belent derejelere ýetmeginde gazanan ajaýyp üstünliklerini, ata Watanymyzy, mähriban halkymyzy belentden wasp etmek bilen, milli medeniýetimizi, milli aýdym-saz, tans sungatymyzy milli ruhda ösdürmäge hem-de dünýä ýaýmaga goşan uly şahsy goşandyny, halypa-şägirtlik ýoluny mynasyp dowam etdirip, zehinli ýaşlarymyzy ýetişdirmekde bitiren giň gerimli işlerini, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we döredijilikli zähmetini nazara alyp, karar edýärin:

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň çeper ýolbaşçysy Annajemal Saparowna Nurmuhammedowa Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesini — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmaly we oňa «Altyn Aý» altyn nyşanyny gowşurmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabry.

Ýene-de okaň

Wepa Hajiýew Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili boldy

Türkmenistan Amerika täze ilçi belledi

Halkara zenanlar güni mynasybetli 8-nji martdaky dynç güni 9-njy marta geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we «Arkadag» futbol klubunyň nyşany Türkiýäniň iň beýik belentligine galdyryldy

Türkmen-eýran serhedindäki gözegçilik geçiriş ýerleriniň işi kadaly dowam edýär

«Ak Işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary başlanýar