DÜNÝÄ

Jeff Bezos toýy üçin 500 million dollar sarp eder

Dünýä belli milliarder Jeff Bezos we teleýaýlym alypbaryjysy Loren Sançes Wenesiýanyň kenarynda Bezosa degişli kaşaň ýahtada durmuş toýuny gurar. Munuň üçin 500 million dollar sarp ediler.

Durmuş toýunyň dabaralary 3 gün dowam edip, ol 24-nji iýunda başlar. Bu dabaralara 200-e golaý myhman çagyrylyp, olaryň arasynda Ewa Longoriýa, Keti Perri, Orlando Blum, Leonardo di Kaprio, Opra Uinfri, Barbara Streýzand, Kris Jenner we Kim Kardaşýan bar.

Wenesiýanyň kaşaň 5 sany 5 ýyldyzly myhmanhanalary 3 günlügine dolulygyna sargyr edildi. Wenesiýanyň häkimi öz gezeginde resmi beýanat berip, şäheriň 200 myhmany kabul etmäge taýýardygyny belledi.

Şeýle hem ol mundan ozal, iri birnäçe çäreleri gurnandyklaryny we Wenesiýa kinofestiwaly, şeýle hem 18 günlük karnawaly agzap boljakdygyny belledi.

Ýöne häzirki wagtda dünýäniň iň gymmat nika toýy Hindistanda geçirildi. Aziýanyň iň baý adamy hindistanly Mukeş Ambani oglunyň durmuş toýy üçin uly möçberde serişdeler sarp etdi.

Ýene-de okaň

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi

TÜRKSOÝ-yň binasynda türkmen kinosynyň 100 ýyllygy bellendi