BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bäş ýyllyk ýubileýi bilen gutlady. Ol guramanyň çagalaryň hukuklaryny goramak ugrundaky yzygiderli işlerini belläp, mundan beýläk-de hyzmatdaşlyga taýýardygyny bildirdi.
«Bu möhüm sene bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Taryhy nukdaýnazardan gysga wagtyň içinde Gazna yzygiderli liderligi we öňdengörüjiligi görkezip, inklýuziwligiň, mertebäniň we mümkinçilikleriň täsirli goraýjysyna öwrüldi» diýip, Jalpa Ratna «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetine beren interwýusynda belläp geçdi.
Diplomatyň bellemegine görä, ÝUNISEF we Gaznanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk — çagalaryň, ilkinji nobatda bolsa aýratyn alada we goraga mätäç çagalaryň bähbitlerine bolan umumy ygrarlylyga esaslanýan berk hyzmatdaşlykdyr. Ratna bu hyzmatdaşlygyň maksadynyň her bir çaganyň ýaşamaga, ösmäge we öz ukyplaryny doly amala aşyrmaga mümkinçilik almagyny üpjün etmekden ybaratdygyny nygtady.
Şu hyzmatdaşlygy ösdürmekde 2025-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Awazada ÝUNISEF bilen Gaznanyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi möhüm ädim boldy. «Biz bu täze hyzmatdaşlygyň çäklerinde netijeli işlere garaşýarys» diýip, ÝUNISEF-iň wekili sözüniň üstüni ýetirdi.
Ratna şeýle hem gaznanyň ýubileýi mynasybetli geçirilen dabarada «Arkadag» medaly bilen sylaglandy. Ol bu sylagy Türkmenistanda çagalaryň bähbidi üçin zähmet çekýän ähli hyzmatdaşlaryň adyndan kabul etdi.
