Şu gün ýurdumyzda “Itçilik we kinologiýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny iş ýüzünde hereket girdi. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilen kanunçylyk namasy şu gün ýurdumyzyň resmi metbugatynda çap edildi.
Bu kanunçylyk namasy itçiligi we kinologiýa işini ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de tohum itleriň genofonduny gorap saklamaga gönükdirilendir, şeýle hem itler köpeldilen, ösdürilip ýetişdirilen we ulanylan mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
Ýurdumyzda itçilik we kinologiýa ulgamynyň ösdürilmegine gönükdirilen bu kanunçylyk namasy 9 bapdan hem-de 42 maddadan ybaratdyr.
Kanunda umumy düzgünler, itçilik we kinologiýa işi babatda döwlet düzgünleşdirmesi, itçiligi we kinologiýa işini alyp barmak, itlere eýeçilik hukugy, hojalyk we eýesiz itler. itlere rehimsizlik bilen bagly hereketler, saklawhanalar, itleriň wagtlaýyn saklanylýan nokatlary, ithanalar we wagtlaýyn ithanalar, itleriň hasaba alynmagy, itleriň Türkmenistanyň çägine getirilmegi we onuň çäginden çykarylmagy, itiň pasporty, itçiligiň we kinologiýa işiniň döwlet tarapyndan höweslendirilmegi, itçilik we kinologiýa işi babatda ylmy üpjünçilik hem-de hünärmenleri taýýarlamak, itleri satmak, sowgat bermek, eýelik etmek üçin bermek ýaly ugurlardaky işler hem-de hereketler düzgünleşdirilendir.
Kanunda bellenilip geçilişi ýaly, türkmen alabaý itlerini, türkmen tazy itlerini we beýleki itleri saklamakda, ýetişdirmekde, köpeltmekde, halk seçgiçiligini ösdürmekde hem-de kämilleşdirmekde, itleri synamak üçin döwlet derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde, ýaryşlarda ýokary netijeleri gazanan itşynaslara, tälimçilere we beýleki hünärmenlere Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan mukdary, möçberi kesgitlenilýän baýraklar we pul sylaglary berlip bilner.
Mundan başga-da, bu kanunçylyk namasynda görkezilişi ýaly, Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän we aýratyn goralýan tohum itleriň kadastryna girizilen seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy astynda duran tohumlara, tohum toparlaryna we ýokary gymmatly görnüşlerine degişli itleriň eksport edilmegi çäklendirilýär. Aýratyn halatlarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi esasynda itleriň eksporty amala aşyrylyp bilner.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda 2020-nji ýylyň maýynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi. Şeýle hem Türkmen alabaýynyň baýramyny döredilip, ony her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellemek göz öňünde tutuldy.
Türkmenistanyň gymmatlyklary ÃUNESKO-nyň mirasynyň sanawyna giriziler