DÜNÝÄ

Italiýanyň wekiliýetiniň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň DIM-de Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň Ilçisi Federiko Faillanyň ýolbaşçylygyndaky Italiýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Gün tertibine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Italiýanyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň torlaryny döretmek boýunça Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasyny ara alnyp maslahatlaşmak girizildi.

Bu resminamanyň işlenip düzülmegi bilen bagly mesele daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan şu ýylyň 29-njy maýynda Rimde geçirilen «Merkezi Aziýa – Italiýa» formatynyň üçünji Ministrler maslahatynyň çäklerinde ylalaşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar resminamanyň ýurtlaryň arasyndaky energetika, ulag, oba we suw hojalygy, bilim, saglygy goraýyş we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy öz içine aljakdygyny bellediler.

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar özara bähbitli gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri

Özbegistan Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana ynsanperwer kömegine iberdi

Türkmenistanyň Ilçisi Ýuji Beleza we Derya Soýsaly Ilçihanada kabul etdi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze Konstitusiýa we täze baýramçylyk döredildi