SPORT

Italiýanyň kubogyny “Napoli” eýeledi

Italiýanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň finbal duşuşygynda “Ýuwentus” bilen “Napoli” toparlary duşuşdy. Oýnuň esasy wagty, ýagny 90 minuty 0:0 hasabynda tamamlandy. Kubogyň ýeňijisini 11 metrlik jerime urgylary belli etdi. Şeýlelikde,“Napoli” topary garşydaşy “Ýuwentus” toparyny 4:2 hasabynda utdy.

Kubok ugrundaky ýaryşyň final duşuşygy Rim şäherindäki «Stadio Olimpiko» stadionynda geçirildi. Bu duşuşykda Italiýanyň güýçli topary, köp ýyllardan bäri çempion bolup gelýän, düzüminde Kristiano Ronaldo ýaly dünýäniň meşhur futbolçylarynyň oýnaýan “Ýuwentus” toparyna ýeňiş gazanmak başartmady.

Onuň ýerine Italiýanyň futboly bilen meşhurlyk gazanan, ozal bu ýurduň futbol toparlarynda oýnan Jennaro Gattuzonyň tälim berýän “Napoli” topary ýeňiş gazanyp, 6-njy kubogyna eýe boldy.

Gattuzonyň bolsa tälimçilik karýerasyndaky ilkinji kubogy boldy. Ol bu toparyň tälimçiligine geçen gyş paslynda gelipdi.

Futbol duşuşygy tomaşaçysyz oýnaldy. Ýöne Neapol şäheriniň ýaşaýjylary gijesi bilen ýatman, toparynyň ýeňşini baýram etdi. Şäheriň ýaşaýjylary gije köçede dürli çäreleri gurnap, şatlyk-şagalaň toparynyň üstünligine guwandylar.

“Ýuwentus” topayr bolsa Kristiano Ronaldo gelenden bäri Italiýanyň kubok ýaryşlaryndan üstünlik gazanyp bilmän gelýär. Olar Super kubok ugrundaky ýaryşda hem “Lasio” toparyndan ýeňildiler.

Ýene-de okaň

Gruziýa gyşky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri