JEMGYÝET

Ispaniýa – Ýewropanyň çempiony

Germaniýada geçirilen futbol boýunça Ýewropa çempionaty tamamlandy. Berlin şäherinde geçirilen final duşuşygynda ispaniýa bilen Angliýa duşuşdy.

Final duşuşygynda Angliýany 2:1 hasabynda ýeňen Ispaniýa 4-nji gezek Ýewropa çempiony boldy. Ispaniýanyň düzüminde 47-nji minutda Niko Wilýams we 87-nji minutda Mikel Oýersabal geçirdi. Angliýanyň goluny 73-nji minutda Kol Palmer öz adyna ýazdyrdy.

Şeýlelikde, soňky minutlarda geçiren goly bilen ýeňiş gazanan Ispaniýa 4 gezek Ýewropa çempiony bolan ilkinji ýygyndy boldy.

Angliýanyň ýygyndysy bassyr 2-nji gezek Ýewropa çempionatynyň finalyna çykdy we ikisinde-de utuldy.

Ispaniýanyň düzümindäki Lamin Ýamal Ýewropa futbolynyň taryhynda bu arzyly kubogy eýelän iň ýaş futbolçy boldy. Ol 17-nji ýaşynda, entek mekdep okuwçysy döwründe Ýewropa çempiony bolmagy başardy.

Futbol duşuşygyn tomaşa edenleriň hatarynda Ispaniýanyň Patyşa hem bardy.

Bir aý, ýagny 14-nji iýunda başlan Ýewropa çempionaty tamamlandy. Ispaniýa 1964-nji, 2008-nji we 2012-nji ýyldan soňra 4-nji gezek Ýewropa çempiony boldy we bu ugurda rekord gorkezijä eýedir.

 

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa: haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň ilçisi: Hytaý jemgyýetinde türkmen diline bolan ünsi artýar

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy