SPORT

Isak Angliýanyň taryhynda iň gymmat futbolçy boldy

Angliýanyň “Liwerpul” kluby 25 ýaşly hüjümçi Aleksander Isagyň “Nýukasl” toparyndan geçendigini resmi taýdan mälim etdi.

“Liwerpul” kluby 125 million funt-sterling kesgitlenen töleg töler, umumy baha bolsa goşmaça tölegler bilen birlikde 130 milliona ýetýär. Bu hem Isagyň “Liwerpula” transferi Angliýa futbolynyň taryhynda rekord boldy.

Bellenilip geçilmeli zat, tomusky transfer döwründe “Liwerpul” topary Premýer Liganyň rekordyny goýupdy. Bu iňlis topary Germaniýanyň “Bayer” toparyndan Florian Wirtz üçin 116 million funt-sterling töläpdi.

Şeýlelikde, bu topar Angliýanyň futbol çempionatyndaky rekordyny birnäçe aý soňra täzeledi.

Şwed futbolçy Isak futbol taryhynda iň gymmat üç futbolçynyň biridir. Ondan öň Neýmar bilen Mbappe gelýär.

Neýmar 2017-nji ýylda “Barselona” toparyndan Fransiýanyň “PSŽ” toparyna 222 million ýewro geçipdi. Häzirki wagtda Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynda çykyş edýän Kilian Mbappe bolsa, 2018-nji ýylda “Monako” toparyndan “PSŽ” toparyna 180 million ýewro geçipdi.

Aleksander Isagyň bolsa, transfer bahasy ýewro möçberinde 150 million ýewro barabardyr. Şonuň üçin ol futbol taryhyndaky iň gymmat 3-nji futbolçydyr.

Ýene-de okaň

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri