Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bagtyýar halkymyzyň eşretli durmuşda, parahat ýaşamagy, işlemegi, döretmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şol sanda ýurdumyzyň geljegi bolan nesilleriň watansöýüji, päk ahlakly, giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup ýetişmekleri barada netijeli işler ýola goýulýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dowam etdirmeginde adalatly, parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz durmuşyň ähli ugurlarynda syýasy, ykdysady, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda günsaýyn beýik ösüşlere beslenýär. Täze sepgitlere tarap batly gadam bilen barýan ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek biz mugallymlaryň mukaddes borjumyzdyr.
«Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek boýunça 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» terbiýeçilik edaralarynda çagalaryň durmuşyna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaklyga, çaganyň irki ýaşdan başlap beden, akyl we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşini we mekdebe taýýarlygyny üpjün etmeklige gönükdirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärleri üçin giň şertleri döretmegi netijesinde häzirki wagtda bu ugurda tutumly işler alnyp barylýar.
Körpeleriň irki ösüş döwri 1 — 3 ýaş aralygyny öz içine alyp, çaganyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýedir. Çaganyň bu döwürdäki ösüşi onuň bütin ömrüniň psihologiki aýratynlygyny kesgitleýär. Çagalar hut şu döwürde hereketleri duýmak, pikirlenmek, gürlemek, daşky gurşaw bilen özara gatnaşykda bolmak ýaly başarnyklary ele alýarlar. Çaganyň görüş, eşidiş, syzyş, duýuş ukyplary bolsa onuň aň-düşünjesini ösdürýär. Daş-töweregiň täsiri çaganyň aňynyň ösüşini çaltlandyrýar. Çaga aňynyň ösmegi netijesinde onda daş-töwerek barada durnukly we aýdyň düşünje kemala gelýär, söz baýlygynyň gory artýar, ünslülik, ýatkeşlik, logiki pikirlenme, göz öňüne getirme başarnyklary kämilleşýär.
Türkmen halkymyz her döwürde hem perzent terbiýesine ähmiýet beren halkdyr. Çünki nesilleriň kämil terbiýesi geljegimiziň ösüşiniň binýadydyr. Binýat bolsa, elbetde, irki ösüş döwründen emele gelip başlaýar. Alymlaryň bellemegine görä, çaganyň irki ösüşi onuň durmuşyndaky iň wajyp döwürdir. Çagada üç ýaşa çenli beýleki synalara garanyňda, beýniniň ösüşi has öňe gidýär. Beýniniň 80 göterim maglumaty kabul edişi irki ösüş döwründe bolup geçýär. Bu döwürde çaganyň hemişelik ýady kemala gelip, «tejribeleriň, gaýtalamalaryň» üsti bilen maglumatlar baýlaşdyrylýar.
Umumybilim maksatnamalary boýunça bilimiň ilkinji derejesi mekdebe çenli bilimdir. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan kadalardan ugur alnyp, çagalar baglarynda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleri Bilimiň klassifikasiýasynyň halkara standartyna, Mekdebe çenli Döwlet bilim standartyna laýyklykda, pedagogikanyň, psihologiýanyň we okatmagyň usulyýetiniň täze gazananlaryndan ugur alnyp taýýarlanylan okuw maksatnamalary hem-de meýilnamalary esasynda guralýar.
Merdana ata-babalarymyzyň şöhrata beslän mukaddes taryhy topragynda gurlan Arkadag şäheri bu gün ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Döwrebap şäheriň binagärlik keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady, ylym-bilim taýdan okgunly ösüşi, ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň guralyşynda halkyň köp asyrlyk baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýar. Bu ýerde gurlan çagalar baglary, orta mekdepler, kitaphana, aýdym-saz, çeperçilik we sungat mekdepleri şähere aýratyn gözellik berýär. Ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäherde taryhy şahsyýetlerimiziň atlarynyň ebedileşdirilmegi hem guwandyryjy wakadyr. Şeýle-de çagalar sungat mekdebiniň, ençeme bilim edaralarynyň, ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň bina edilmegi nesiller hakynda döwlet tarapyndan edilýän uly aladanyň nyşanydyr. Bu ýerde ösüp gelýän ýaş nesliň okamagy, medeniýetli dynç almagy üçin ähli şertler döredilen. Okuw-terbiýeçilik toplumynyň açylmagy, toplumyň mekdebe çenli bölüminde dilleriň çuňlaşdyrylyp öwredilmegi üçin şertleriň döredilmegi körpeleriň dürli dilleri öwrenmegine ýol açar.
Çagalar bakja-baglarynda körpeleriň zehinini açmak we ösdürmek maksady bilen, ylmy taýdan işlenilip düzülen okuw maksatnamalary taýýar edildi. Bu işler dürli dilleri öwretmek işleriniň giňişleýin alnyp barylýandygyny, sanly bilim ulgamynyň wezipeleriniň durmuşa ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Bilim hakyndaky resminamalara laýyklykda, mekdebe çenli bilimiň wezipesi, irki ýaşdan başlap, çaganyň duýgularyny ösdürmekden, milli ruhda terbiýelemekden, olaryň akyl we beden taýdan sazlaşykly ösüşini gazanmakdan, öwrenmekden, bilmek başarnygyny, döredijilikli pikirlenmesini, ukybyny, sözleýşini ösdürmekden, zehinini ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Şonuň ýaly-da, daşary ýurt dillerini öwretmek bilen, çagany mekdepde okamaga taýýarlamak, okamagyň indiki basgançaklary üçin zerur bolan hakyky aň ýetirişi döretmek, kiçi ýaşly okuwçylarda maksatlaýyn okuw işini kemala getirmekdir.
Körpe nesilleri beden taýdan sagdyn, akyl taýdan kämil, döwrümize mynasyp ýaşlar edip ýetişdirmek üçin döredilip berilýän şertlerden ýerlikli peýdalanyp, okuw-terbiýeçilik işlerimizi dünýä ülňüleriniň derejesinde alyp barmak biziň mukaddes watançylyk borjumyzdyr. Bize netijeli zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Oguljennet Geldimuhammedowa,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.