XXI asyr – bu maglumat we innowasiýalar eýýamy bolup, dünýäniň ähli künjeginde toplumlaýyn ösüşleriň gazanylmagynda ýokary tehnologiýalaryň orny aýratyn ähmiýete eýedir. Şol tehnologiýalaryň iň täsirli we giňden ýaýran görnüşleriniň biri hem Internetdir. Häzirki zaman jemgyýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen Internet dünýäniň her bir künjegini bir bitewi giňişlige öwürýär. Ol diňe bir maglumat paýlaşmak arkaly çäklenmän, eýsem, adamzadyň ýaşaýyş-durmuşynyň ähli ugurlarynda işjeň täsir edýän giň platformadyr.
Internet ilkinji gezek XX asyryň ortalarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda döredildi. Başlangyçda diňe harby we ylmy maksatlara gönükdirilen bu ulgam, soňra bütin dünýäni gurşap alan giň tor ulgamyna öwrüldi. 1990-njy ýyllaryň başynda giň jemgyýetçilik ulanyşyna geçmegi bilen, Internet ähli ugurlarda ösüşiň täze sahypasyny açdy. Häzirki wagtda dünýäde milliardlarça adam Internet arkaly maglumat alyşýar, işleşýär, bilim alýar we täzelikler bilen tanşýar.
Türkmenistanda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan döwlet syýasatyň çäklerinde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgäniň esasynda halkymyza döwrebap, ýokary hilli Internet hyzmatlaryny hödürlemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy ornaşdyrylyp, ilata ýokary tizlikli, ygtybarly Internet hyzmatlary elýeterli edilýär.
Telekommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmegi bilen bir hatarda, döwlet edaralarynyň we bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy hem giň gerimde alnyp barylýar. Okuw jaýlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim platformalarynyň, sanly kitaplaryň, elektron maglumat bazalarynyň giňden ulanylmagy ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna mümkinçilik döredýär. Şeýle-de, Internet arkaly iş alyp barmak, elektron söwda, hyzmatlar ulgamynda täze mümkinçilikler açylýar. Bu bolsa hususy telekeçiligiň ösmegine oňyn täsir edýär.
Internet jemgyýetde pikir alyşmalaryň giňelmegine, medeniýetleriň aragatnaşygyna, täze başlangyçlaryň kemala gelmegine mümkinçilik berýär. Dürli ýurtlaryň halklarynyň arasynda gatnaşyklary berkitmekde, dünýäde bolup geçýän wakalar bilen wagtynda tanyşmakda, jemgyýetiň açyk we döredijilikli ösmegine şert döretmekde hem onuň ähmiýeti uludyr.
Türkmenistanda Internet ulgamynyň ösdürilmegi ýaş nesliň dünýä bilen aýakdaş ösmegini, dünýä dillerini öwrenmegini, tehnologiýalara düşünmegini üpjün edýär. Şeýle mümkinçilikler ýaşlaryň bilim derejesiniň ýokarlanmagyna, olaryň halkara bäsdeşlik ukybynyň artmagyna getirer.
Şeýlelikde, häzirki döwürde Internet diňe bir tehniki serişde bolman, eýsem, ösüşiň, ösüşe bolan ymtylyşyň nyşanyna öwrüldi. Türkmenistan bu ugurda giň gerimli we maksada gönükdirilen işleri alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň dünýäniň iň öňdebaryjy innowasiýalary bilen üpjün edilmegi döwlet syýasatynyň aýrylmaz ugrudyr.
Internet – bu mümkinçilikdir. Internet – bu ösüşdir. Internet – bu täze eýýamyň özeni, täze pikirleriň we beýik maksatlaryň başlangyjydyr.
Myrat Ýagmyrow,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
informatika mugallymy