Germaniýanyň Willingen kommunasynda ýurduň iň uzyn asma köprüsi açyldy. Bu desga şol bir wagtyň özünde tibet usulynda gurlan dünýäniň iň uzyn asma köprüsi hem hasaplanýar. «Skywalk Willingen» atly köpriniň agramynyň 120 tonnadygy mälim edildi. Polatdan gurlan köprüden geçmek tölegli bolup, ulular 12 dollar, çagalar 9 dollar töleýärler. Köpriniň meýilnamalaşdyrylmagynyň we gurulmagynyň alty ýyla çekendigi mälim edildi. Gyşky sport oýunlarynyň geçirilýän ýerinde iki depäniň arasynda gurlan köpriniň uzynlygy 665 metre barabar. Köpriniň ýerden iň beýik ýeri 100 metre golaý. Ini bary-ýogy 1,45 metr bolan köpriniň üstüne bir wagtda 750 adam münüp bilýär. Köpri tibet usulynda gurlanda iki gapdalynda uzyn sütünleri ýa-da söýgetleri bolmazdan, jülgäniň üstünde öz agramyna durýar. Şeýle hem ol tanap bilen çekdirilip goýulmaýar. Bu köprüden geçýänler dag eteginiň gözelliklerini, gür tokaýlygy görmäge mümkinçilik alýarlar. Köpri gurlanda ulanylan gidrawlik silindrler has güýçli ýel bolanda, onuň hallan atmagynyň öňüni alýar.
Çeh Respublikasyndaky «Sky Bridge 721» (uzynlygy 721 metr bolansoň, şeýle atlandyrylýar) hem-de Kanadanyň Britan Kolumbiýasy ştatynda ýerleşýän 130 metrlik «Golden Skybridge» köprüleri dünýäniň meşhur asma köprüleri hasaplanýar.