TEHNOLOGIÝA

Iň köp satylan “akylly sagat” markalary

“Counterpoint Research” kompanivasy tarapyndan geçirilen bazar seljemelerine görä, birinji çärýekde iň köp “akylly” sagat satan markalar kesgitlenildi.

Soňky ýyllarda meşhur bolan “akylly” sagatlar, esasanam saglyk we sport babatda adamlaryň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

“Akylly” sagat bazarynda 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde 13 göterim ösüş gazanyldy. Şeýlelikde, geçirilen seljermelere görä, “Apple” birinji çärýekde “akylly” sagat bazarynda öňdebaryjylygyny saklady.

Bazar paýy 36,1% bolan “Apple” akylly sagatlar pudagynda öňdebaryjydyr. Beýleki tarapdan, “Samsung” kompaniýasy “Galaxy Watch 4” seriýasynyň öňki seriýalara garanyňda has köp ünsi çekendigi sebäpli bazardaky paýyny 10.1 göterime çenli ýokarlandyryp, ikinji ýeri eýeledi.

Soňky maglumatlara görä, 43,87 million birlik möçberinde eksport edilen “akylly” sagat bazary 2024-nji ýylda 108,91 million birlige ýeter.

 

 

Ähli koronawirus çäklendirmeler ýatyryldy

Ýene-de okaň

“TikTok” ABŞ-daky aktiwlerini satmak boýunça ylalaşyk baglaşdy

Hytaýda ýol polisiýa işgärleri emeli aň äýnekleri ulanyp başlady

Dubaýda sürüjisiz taksiler synag tertibinde işläp başlady

Ata Watan Eserleri

Hytaýda ilkinji emeli aňly ýol gözegçisi işe girizdi

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär

BMG: dünýäde internet ulanyjylarynyň sany 6 milliarddan geçdi