SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Iň gymmat myhmanhana

Dünýä metbugatynda Ýer ýüzündäki iň gymmat bahaly myhmanaha barada maglumat berildi. Neşirleriň ýazmagyna görä, dünýäde iň gymmat bahaly myhmanhana Abu Dabi şäherindäki «Emirates Palace» myhmanhanasydyr.

Aýdyşlaryna görä, onuň gurluşygy üçin ABŞ-nyň 3 milliard dollary we 2 tonna altyn sarp edilipdir. Myhmanhanada «Ählisi hasaba alnan» atly nyrhnama boýunça bir hepdelik dynç almagyň bahasy ABŞ-nyň 1 million dollary.

Bu nyrhdanamada myhmany dünýäniň islendik künjeginden alyp gelmek, şäher gezelenjinde «Maybach» awtoulagyndan sürüjisi bilen birlikde peýdalanmak, her günki «Anantara Spa» hyzmaty, Pars aýlagyna ajaýyp gezelenç, deňziň astynda balyk awy bilen meşgullanmak, her gün garaşylmadyk we ajaýyp sowgatlaryň eýesi bolmak, «Emirates Palace Gold Champagne» çakyrynyň ýatdan çykmajak tagamyndan datmak, «Holland Sporting Guns» aw hyzmatlaryndan peýdalanmak we beýleki hyzmatlar girýär.

Ajaýyp! Ýatdan çykmajak! Ýöne bahasy 1 million dollar.

 

Futbolçynyň aýdym toplumy çykar

 

 

 

 

Ýene-de okaň

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy