BILIM

In­fo­kom­mu­ni­ka­si­ýa baş­lan­gyç hü­när okuw mek­de­bi: okuwa kabul edýär

Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň in­fo­kom­mu­ni­ka­si­ýa baş­lan­gyç hü­när okuw mek­de­bi 2021-2022-nji okuw ýy­ly üçin aşak­da­ky hü­när­ler bo­ýun­ça ta­lyp­ly­ga KA­BUL ED­ÝÄR. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

  1. Buh­gal­ter­çi­lik işi — 1,5 ýyl
  2. Aw­to­mat­laş­dy­ry­lan elekt­rik ara­gat­na­şy­gynyň elekt­ro­me­ha­ni­gi — 1,5 ýyl
  3. Komp­ýu­ter tor­la­ry­ny saz­laý­jy — 1,5 ýyl
  4. Komp­ýu­ter teh­ni­ka­la­ry­ny be­je­ri­ji we hyz­mat edi­ji us­sa — 1,5 ýyl
  5. De­mir ýol­da ara­gat­na­şyk tok en­jam­la­ry­ny gur­na­mak bo­ýun­ça mon­taž­çy — elekt­ro­me­ha­nik — 1,5 ýyl 6. Elekt­rik üp­jün­çi­li­gi (pu­dak­lar bo­ýun­ça) — 1,5 ýyl
  6. Sig­na­li­za­si­ýa, mer­kez­leş­dir­me we blo­kir­leme en­jam­la­ry­nyň elekt­ro­mont­ýo­ry — 10 aý
  7. Ra­dio we te­le­fon ara­gat­na­şyk en­jam­la­rynyň mon­taž­çy­sy — 10 aý
  8. San­ly mag­lu­ma­ty iş­läp taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça us­sa — 10 aý
  9. Teh­no­lo­gi­ýa en­jam­la­ry­ny saz­laý­jy (elekt­ron teh­ni­ka­sy) — 10 aý

Baş­lan­gyç hü­när okuw mek­de­bi­ne Türk­menis­ta­nyň umu­my or­ta bi­lim­li ra­ýat­la­ry gi­riş synag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça ka­bul edil­ýär. Okuw­lar tö­leg­li.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry okuw mek­de­bin­de 2021-nji ýy­lyň 25-nji aw­gus­ty­na çen­li ka­bul edil­ýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy: — bel­le­nen nus­ga­da di­rek­to­ryň ady­na ýazy­lan ar­za; — bel­le­nen nus­ga­da­ky so­wal­na­ma (anke­ta); — umu­my or­ta bi­lim ba­ra­da­ky res­mi­na­manyň asyl nus­ga­sy; — bel­le­nen nus­ga­da­ky sag­lyk ke­pil­na­ma­sy; — soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýe­rin­den, harby bö­lüm­den) hä­si­ýet­na­ma; — 3×4 öl­çeg­dä­ki al­ty sa­ny fo­to­su­rat. Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa gir­mä­ge isleg bil­dir­ýän­ler ýo­kar­da gör­ke­zi­len res­mi­nama­lar bi­len bi­le­lik­de, ka­bul ediş iş to­pa­ry­na aşak­da­ky şah­sy res­mi­na­ma­la­ry­ny gör­ke­zip, bel­lik et­dir­ýär­ler we nus­ga­la­ry­ny tab­şyr­ýarlar: — pas­por­ty­ny (eger pas­por­t al­ma­dyk bol­sa, dog­luş ha­kyn­da­ky şa­ha­dat­na­ma­sy­ny); — Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­rin­de har­by gul­lu­gy ge­çen­ler har­by şa­ha­dat­na­masy­ny, har­by gul­lu­gy geç­me­dik ýi­git­ler ýa­zy­lyş şa­ha­dat­na­ma­sy­ny we ýa­şa­ýan ýe­ri bo­ýun­ça har­by we­kil­lik­den gü­wä­ha­tyny. Da­laş­gär ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin artyk­maç hu­kuk­dan peý­da­lan­ýan­dy­gy­ny tas­sykla­ýan beý­le­ki res­mi­na­ma­la­ry gör­ke­zip bi­ler. Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we res­mi iş kagyz­la­ry üçin da­laş­gär şah­sy jo­gap­kär­çi­lik çek­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul et­mek şu ýy­lyň 29-30-njy aw­gus­tyn­da baş­lan­gyç hünär okuw mek­de­bin­de ge­çi­ril­ýär. Gi­riş sy­nag­la­ry äh­li hü­när­ler bo­ýun­ça fi­zika we ma­te­ma­ti­ka ders­le­rin­den ge­çi­ril­ýär. Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry Türk­menis­ta­nyň or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw mak­sat­nama­la­ry­nyň esa­syn­da, döw­let di­lin­de, dil­den ge­çi­ril­ýär. Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de bel­le­ni­len wagt­da sy­na­ga esas­syz se­bäp­le­re gö­rä ge­lip bil­me­dik­ler ýa-da ders­le­riň bi­ri bo­ýun­ça sy­nagdan ge­çip bil­me­dik­ler soň­ky sy­nag­la­ra goý­beril­me­ýär.

Bel­lik: okuwy do­ly ta­mam­lan uçu­rym­la­ra döw­let nus­ga­syn­da­ky baş­lan­gyç hü­när bi­li­mi ha­kyn­da dip­lom be­ril­ýär.

Sal­gy­sy: Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Oguz han kö­çe­si­niň 13-nji ja­ýy. Te­le­fon bel­gi­le­ri: +993 (12) 49-95-92; 49-95-91; faks bel­gi­si: +993 (12) 49-95-96.

 

16-njy iýuldaky howa maglumaty

Ýene-de okaň

Türkmenistanda kliniki ordinatura kabul etmegiň tertibi

“Iňlis dili” dersi boýunça IV halkara internet olimpiadasy

Türkmen wekiliýetiniň Rumyniýa iş sapary

Malaýziýanyň türkmen talyplary üçin talyp haklary mümkinçilikleri öwreniler

Garward uniwersitetinde mugt okamak mümkinçiligi: maliýe kömegini giňeldilýär

«Iň eýjejik gyzjagaz – 2025» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi