TEHNOLOGIÝA

Ilkinji ýokary tizlikli otly gatnawyny ýola goýdy

Günorta-Gündogar Aziýanyň öňdebaryjy ýurtlaryndan Indoneziýada ilkinji ýokary tizlikli otly gatnawy ýola goýuldy. Ýurduň Prezidenti Joko Widodo ýokary tizlikli demirýol gatnaw ugrunyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu taslama Günorta-Gündogar Aziýadaky ilkinji ýokary tizlikli otly taslamasydyr.

Taslamanyň bahasy 7.3 milliard dollara barabar bolup, onuň köp bölegi Hytaý tarapyndan maliýeleşdirildi.

– Jakarta-Bandung aralygyndaky ýokary tizlikli otly  – Indoneziýadaky we Günorta-Gündogar Aziýadaky ilkinji ýokary tizlikli otludyr. Onuň tizligi sagatda 350 kilometre deňdir – diýip, Prezident Widodo açylyş dabarasynda belläp geçdi.

Ýokary tizlikli otly gatnaw ugry 142 kilometre deňdir. Ýurduň paýtagty Jakarta bilen Bandung şäherleriniň arasyndaky ýoluň wagty 3 sagatdan 40 minuta çenli tygşytlanýar. Şeýle hem bu otly uglerod zyňyndylarynyň hem azaldylmagyna ýardam eder.

Taslamanyň durmuşa geçirilmegi üçin “PT Kereta Cepat Indonesia-China” kompaniýasy çykyş etdi. Ol Indoneziýanyň 4 sany iri döwlet kompaniýays bilen Hytaýyň iri “China Railway International Co. Ltd” kompaniýasynyň bilelikde döreden konsorsiumyndan ybaratdyr.

Umuman, bu demir ýoluň gurluşygy dolulygyna Hytaýyň tehnologiýasy hem-de enjamlary esasynda amala aşyryldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

USAID-iň YDA taslamasy “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga çagyrýar

Ata Watan Eserleri

«Türkmentel-2024»: maglumat tehnologiýalary üçin täze mümkinçilikler açýar

Ata Watan Eserleri

“Nvidia” – dünýäniň iň gymmatly brendi

Aşgabatda 17-nji gezek “Türkmentel-2024” atly halkara sergi geçiriler

“TikTok”-yň esaslandyryjysy Hytaýyň iň baý adamy boldy