SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ilkinji Oksforduň sanjymy sanjym edildi

Beýik Britaniýanyň Oksford uniwersitetiniň we “AstraZeneca” farmasewtiki kompaniýasynyň bilelikde öndüren koronawirus keseline garşy sanjymy ilata sanjym edilip başlandy. Ilkinji bolup 82 ýaşly britaniýaly Braýan Pinkere sanjym edildi diýip, “Sky News” teleýaýlymy habar berýär.

Bu sanjymy geçen hepdede Beýik Britaniýanyň hökümeti ulanmaga rugsatnama beripdir. Britaniýanyň ýaşaýjy Pinker Oksford uniwersitetiniň lukmançylyk merkezine ýerleşdirildi. Şeýle hem ol ýerde özüniň ýerli ýaşaýjydygyny tanatdy we sanjymyň bu ýerde oýlanyp tapylandygyna aýratyn buýsanýaryn diýip, belledi.

4-nji ýanwarda kompaniýa köpçülikleýin sanjym etmek işlerine başlandygyny habar berýär. Mundan başga-da dekabr aýynyň ahyrynda Beýik Britaniýanyň saglygy goraýyş ministri Mett Henkok bu sanjymdan 100 million dozasyny sargyt edendigini we ýurduň ilatyna sanjymyň ýeterli boljakdygyny buýsanç bilen belledi.

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

Okap bilersiňiz  Dubaýyň şazadasy rekord goýdy

 

 

Ýene-de okaň

«S7» awiakompaniýasy: Aşgabatdan Nowosibirskä uçar gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegini iň ýokary girdeji bilen jemleýär

«Forbes» Kappadokiýadaky Ortahisary dünýäniň iň owadan obalaryñ biri hökmünde sanawa goşdy

Ata Watan Eserleri

Türkiýänıň syýahatçylyk pudagynyň gämi gezelenç ugry boýunça görkezijisi iň ýokary derejä ýetdi

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: halkara howa gatnawlaryň tertibini täzeleýär

Özbegistanyň 14 farmasewtika kärhanasy Türkmenistanda öz önümlerini görkezdi