JEMGYÝET

Ilham Aliýew: Türkmenistan bilen ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge amatly şertler bar

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi. Ilham Aliýew öz gutlag hatynda Türkmenistanyň Prezidentini Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady. 

Bu gutlag hatynda şeýle diýilýär:

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Şu ýyl biz şanly senäni — Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belleýäris. Sizi bu möhüm waka mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, Size hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar taryhyň dowamynda dostlukda ýaşan halklarymyzyň erk-isleginden gelip çykýar. Geçen döwürde umumy taryhymyza, dost-doganlyga hem-de özara hormata esaslanýan gatnaşyklarymyz okgunly ösmek bilen, hil taýdan täze derejä çykdy we häzirki wagtda strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir. Munuň özi aýratyn kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Özara saparlar, yzygiderli gatnaşyklar, dürli ulgamlarda gol çekilen resminamalar, amala aşyrylan bilelikdäki taslamalar hyzmatdaşlygymyzyň giňeldilmeginde möhüm orun eýeledi. Biziň syýasy gatnaşyklarymyzyň ýokary derejesi ykdysady, ulag-logistika, energetika, ynsanperwer we beýleki ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk bilen utgaşýar. Biziň gatnaşyklarymyz halkara guramalaryň çäklerinde-de üstünlikli dowam etdirilýär.

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda ähli ugurlarda, hususan-da, ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertler bar diýip hasap edýärin. Şol mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, bilelikdäki tagallalar netijesinde däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyny hem-de hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegini gazanjakdygymyza ynanýaryn.

Sizi ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, jogapkärli işiňizde üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa hemişe abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranda saparda bolar

Ýene-de okaň

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek başlangyjy öňe sürýär

Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça otly gatnawlary ýola goýuldy

“Arkadag” futbol kluby bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär