DÜNÝÄ

Ilçi Klimow Aşgabatdaky wezipesini tamamlady

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçisi Mettýu S. Klimow ABŞ-nyň wekili hökmünde öz işini tamamlady we şu gün Aşgabatdan ugrady. Ilçi Klimow 2019-njy ýylyň iýun aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçisi hökmünde işe başlaly bäri Türkmenistanyň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini goldamagyň binýadynda ABŞ bilen Türkmenistanyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň üstünde işledi.

Ilçi Klimowyň ýolbaşçylygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Türkmenistan metan zyňyndylaryny azaltmak arkaly klimatyň üýtgemegine garşy göreşmek, halkara zähmet standartlarynyň kabul edilmegini öňe sürmek, söwda we daşary ýurt maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmek, bilim we medeni alyş-çalyşlary berkitmek we Türkmenistanyň baý medeni mirasyny gorap saklamak ýaly köp ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk etdi.

Ilçi soňky bäş ýylyň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentine we amerikan halkyna wekilçilik etmegiň onuň üçin adatdan daşary hormatdygyny belleýär. “Hyzmatdaşlygymyzyň Ýüpek Ýolunyň gadymy ýerlerini dikeltmäge, klimatyň üýtgemegine garşy göreşmäge, sebit howpsuzlygyny berkitmäge, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge we, esasan hem, adamlar bilen gatnaşyklary ýola goýmaga kömek edendigine buýsanýaryn. Aýalym bilen bilelikde Türkmenistanyň hoşniýetli we sahy adamlary bilen tejribe eden gatnaşyklarymyz bizde ömrümiziň ahyryna çenli hazyna ýaly saklajagymyz ýatlamalary galdyrdy.”

Ilçi Klimow mundan soňra Döwlet Departamentinde we NATO-da ýokary wezipelerde, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň goşunynda serkerde hökmünde işlän döwrüni hem öz içine almak bilen elli ýyl dowam eden döwlet gullugy karýerasyndan hormatly dynç alşa çykar.

Ilçi Klimowyň gitmegi bilen Işleri wagtlaýyn ynanylan wekiliň wezipesini ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Waýda Widugiris ýerine ýetirer.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

2025-nji ýylda Aşgabatda türkmen-argentin işewürlik forumyny guramak teklip edildi

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Prezidentleri Russiýada duşuşarlar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan “Lapis Lazuli” ulag geçelgesi boýunça ulag ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

ALSA-nyň Administrasiýasy Bilen Tanyş Boluň: Dünýäniň Dürli Künjeginden Hukukçylar

Ata Watan Eserleri

Zurab Pololikaşwili: Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy Türkmenistana hemmetaraplaýyn goldaw berer