JEMGYÝET

Ilçi Demirok: Türkmenistanyň tebigy gazy 1-nji martdan Türkiýä barar

Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisi Ahmet Demirok Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar barada metbugat ýygnagyny geçirdi. Daşary ýurtly we ýerli metbugat işgärleri, şol sanda “Atawatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň habarçylary hem gatnaşdy.

Ilçi Ahmet Demirok 2024-nji ýylda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklara baha berdi.

Ilçi Demirok, Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň her ugurda hormat esasynda ösdürilýändigini belläp, Türkiýäniň Türkmenistanyň iň uly söwda hyzmatdaşlaryndan biri bolmagyny dowam etdirýändigini belledi. 2024-nji ýylda umumy söwdanyň möçberi 2 milliard 166 million dollar hökmünde amala aşyrylandygyny aýtdy.

Energetika pudagynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugryi bolmagyny dowam etdirýändigini belläp geçen Türkiýäniň ilçisi, Türkmenistanyň tebigy gazyny Eýranyň üsti bilen Türkiýä iberilmeginiň köp ýyllaryň dowamynda gün tertibinde durýandygyny nygtady.

Ilçi Ahmet Demirok, geçen ýyl türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamnedowyň 3-nji antalýa diplomatik forumynyň çäklerinde Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda gol çekilen energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ähtnama laýyklykda, Türkiýäniň “BOTAŞ” kompaniýasy bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň arasynda köp sanly gepleşikleriň geçirilendigini, şonuň netijesinde 2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda 2 milliard kubmetre möçberindäki türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen Türkiýä iberilmegi babatda degişli ylalaşygyň gol çekilendigine uly kanagatlanma bildirdi.

Ilçi bu usul bilen gaz akymynyň 2025-nji ýylyň 1-nji martynda başlajakdygyny aýtdy.

Ilçi 30 ýyldan gowrak wagt bäri türkmen gazynyň iberilmeginiň gün tertibinde bolandygyny we şeýlelik bilen türkmen doganlarymyz bilen bilelikde arzuwynyň amala aşyrandyklaryny aýtdy.

Türkmenistanyň tebigy gazynyň Türkiýä iberilmeginiň, Türkmenistanyň halkara energetika bazarynda tutuş dünýäde ygtybarly hyzmatdaşdygyny görkezmek nukdaýnazaryndan taryhy waka bolandygyny belledi.

 

Ýene-de okaň

Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Prezidenti ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň ylym we bilim ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Waşingtonda ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Neda Berger bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy