DÜNÝÄ

Iki ýurduň Liderleri metbugat wekillerine ýüzlendiler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana ilkinji döwlet saparyny amala aşyrýan Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind ýokary derejeli türkmen-hindi gepleşikleriniň netijeleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron görnüşinde habar berildi. 

Bellenilişi ýaly, gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan beýläk-de özara hyzmatdaşlyk etmegiň anyk ugurlary kesgitlenildi, sebit hem-de halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Hormatly Prezidentimiz nobatdaky gepleşikleriň taraplaryň özara düşünişmäge taýýardygyny, halkara syýasatyň esasy meseleleri boýunça ýörelgeleriň we çemeleşmeleriň meňzeşdigini aýdyň görkezendigini nygtap, biziň ýurtlarymyzyň Merkezi Aziýa sebitinde, şol sanda tutuş Aziýa yklymynda parahatçylygy, durnuklylygy berkitmäge, ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny emele getirmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Duşuşykda sebit hem-de ählumumy howpsuzlygy berkitmek, gapma-garşylyklaryň öňüni almak, umumy ykrar edilen halkara kadalara, BMG-niň Tertipnamasyna laýyklykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin pugta syýasy we hukuk esaslary döretmek, halkara giňişlikde birek-biregiň teklipdir başlangyçlaryny goldamak tejribesini dowam etdirmek, BMG-niň hem-de Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerinde özara hereketleri işjeňleşdirmek bilen bagly meselelere möhüm ähmiýet berildi. Owganystanda parahatçylygy berkitmekde tagallalary utgaşdyrmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny amala aşyrmak barada-da aýdyldy.

«Ulag — ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik ugry. Biz Türkmenistanyň çäginden, şol sanda biziň ýurdumyzyň Hazar deňzinde bar bolan infrastrukturalaryny ulanmak arkaly Hindistanyň deňiz terminallaryna çykmak üçin durnukly Ýewraziýa geçelgelerini kemala getirmäge özara ýardam bermek hakynda ylalaşdyk» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow duşuşykda Hindistanyň Çabahar porty bilen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça göni gepleşikleri guramagy teklip edendigini aýtdy.

Hindistanyň Prezidenti Ram Nath Kowind,öz gezeginde, bildirilen myhmansöýerlik we netijeli işleşmek ugrunda döredilen mümkinçilikler üçin ýaş türkmen kärdeşine hoşallyk bildirip, şu günki gepleşikleriň döwletara gatnaşyklary täze belentliklere çykarmak üçin uly mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi. Şu ýylyň 20-nji aprelinde türkmen-hindi diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýandygyny aýdyp, myhman gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda, şol sanda nobatdaky gepleşikleriň jemleri boýunça kabul edilen degişli ylalaşyklara laýyklykda, ýaşlar syýasaty boýunça hem netijeli hyzmatdaşlygyň ösdüriljekdigini aýratyn nygtady.

Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda resminamalara gol çekildi

Ýene-de okaň

Türkmenbaşy şäherinde Gazagystanyň konsullygynyň täze binasy açyldy

1-10-njy ýanwar aralygynda Söwda-senagat edarasynda Täze ýyl dabaralary guralar

Eýranyň medeniyet geňeşçisi Türkmenistandaky diplomatik wezipesini tamamlady

BMG: Afrika XXI asyryň ortalaryna iň ýaş yklym bolar

Saud Arabystanynyň Owganystandaky ilçihanasy işläp başlady

Aşgabatda Eýranyň Ýalda baýramçylygy bellendi