SPORT

Iga Swentek ilkinji gezek Uimblonda çempion boldy

Polşaly tennisçi Iga Swentek Uimbldon tennis ýaryşynyň finalynda maerikaly Amanda Anisimowany ýeňip, ilkinji gezek bu halkara ýaryşyň ýeňijisi boldy. Ýaryş Beýik Brtitaniýanyň London şäherinde geçirildi.

Duşuşyk 6:0, 6:0 hasabynda tamamlanyp, bu hem özboluşly rekord boldy. Zenanlaryň arasynda Uimbldon ýaryşynyň finalynda şeýle hasap bilen ýeňiş mundan ozal, 1911-nji ýylda gazanylypdy. 114 ýyl mundan ozal, zenanlaryň finalynda britaniýaly Doroteýa Lambert Çambers finalda öz ildeşi Doroý Butbini 6:0, 6:0 hasabynda utupdy.

Şeýlelikde, bu ýaryşyň finalynda ikinji gezek şeýle netije gazanyldy. Polşaly tennisçi zenan Iga Swentek amerikaly garşydaşyndan üstün çykyp, ýekelikde Uimbldon ýaryşynda ýeňiji bolan ilkinji polýak türgen boldy.

Polşaly tennisçi Uly tuwulga ýaryşlarynda 6-njy derejesini gazandy. Ol mundan ozal, 2020-nji, 2022-nji we 2024-nji ýyllda “Roland Garos” hem-de 2022-nji ýylda “US Open” ýaryşlarynda ýeňiji bolupdy.

24 ýaşyndaky Iga Swentek dünýäniň iň güýçli 4-nji zenan tennisçisi bolup, bu gazanan üstünligi bilen 3-nji orna geçer. Ol Zenanlaryň tennis assosiasiýasynda (WTA) 23-nji çempionlyk derejesini gazandy. 2024-nji ýylda Swentek Pariždäki Olimpiýa oýunlarynda bürünç medal gazanypdy.

23 ýaşyndaky Anisimowa bolsa, WTA reýtinginde 12-nji orunda durýar. Uimbldondaky gazanan üstünligi bilen dünýäniň iň güýçli zenan tennisçileriniň ilkinji onlugynda oruna alar.

Uimbldon Uly tuwulga ýaryş möwsüminiň 3-nji uly ýaryşy bolup, ol ot bilen örtülen meýdançada geçirilýär. Onuň baýrak gaznasyny 53.5 million funt-sterlinge deňdir.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady