DÜNÝÄ

HZG-niň baş direktoryna Türkmenistanyň “Iş üpjünçilik syýasaty hakyndaky” 122-nji konwensiýany tassyklamak baradaky resminamasy gowşuryldy

2021-nji ýylyň 14-nji aprelinde Ženewa şäherinde Halkara zähmet guramasynyň Baş direktory Gaý Raýdere Halkara zähmet guramasynyň “Iş üpjünçilik syýasaty hakyndaky” 122-nji konwensiýasyny tassyklamak baradaky Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyny sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gowşurmak dabarasy geçirildi.

Dabaranyň çäklerinde Ilçi, Türkmenistanyň hemişelik wekili A.Haljanow Türkmenistanyň abraýly halkara guramalary, hususan-da Halkara zähmet guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyna ygrarlydygy barada belledi.

1993-nji ýylyň sentýabryndan bäri HZG-niň doly hukukly agzasy bolmak bilen hem-de HZG-niň 8 sany esasy bolan 10 Konwensiýasyny tassyklamak bilen, Türkmenistan bu Guramanyň esasy düzgünnamalaryny we milli derejede esasy maksat hökmünde mynasyp zähmeti döretmegiň hasabyna ýaşaýyş-durmuş hilini ýokarlandyrmagyň amaly çemeleşmelerini doly goldaýar, şeýlelikde HZG-niň düzgünnamalarynyň ählumumy ykrar edilen kadalaryny we ýörelgelerini milli kanunçylygymyza ornaşdyrýar.

Halkara zähmet guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirip, G.Raýder Türkmenistanyň milli kanunçykaryjy esaslaryny meýilnamalaýyn berkitmeklik we kämilleşdirmeklik ugrundaky tagallalaryny goldady hem-de Türkmenistanyň 122-nji Konwensiýany tassyklan 115-nji döwlet bolandygy barada belledi.

 

Maslahatlar merkezindäki ilkinji gol çekişlik dabarasy

 

 

Ýene-de okaň

Gyrgyzystan ilkinji gezek milli puluny özbaşdak çap etdi

Türkmenistan-ABŞ:söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň duşuşygyna taýýarlyk boýunça Teswirnama gol çekildi

Aşgabatda “Yn­san­per­wer­lik ýo­ly” ady bi­len hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di

Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilim ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy