SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaýyň ýolbaşçylary “Kowidden” üstün çykandygyny yglan etdi

Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şol mejlisde Hytaýyň geçen ýylyň noýabr aýyndan bäri “COVID-19” ýokanjyna garşy göreşmekde uly üstünlik gazanandygy mälim edildi. Bu barada “Sinhua” habarlar gullugy habar berýär.

Hytaýyň ýolbaşçylary koronawirus ýokanjyna garşy aýgytly göreşde ynamly we uly ýeňiş gazanandyklaryny yglan etdi. Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň nobatdaky mejlisinden soňra berlen beýanatda pandemiýa ýagdaýyndan adaty ýaşaýyş ýagdaýyna geçmek üçin ynamly ädim ädendigi bellenildi.

HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň ýolbaşçylygynda geçirilen mejlisiň barşynda pandemiýa ýagdaýy oňat seljerilip, dogry çözgütler we strategik düzedişler girizilip, bu ýokanjy ýeňmek başardylandygy mälim edildi.

Hytaýyň döwlet metbugatynyň habar bermegine görä, koronawirus pandemiýasy döwründe 200 milliondan gowrak bu kesele duçar bolan raýatlaryň, şol sanda 800 müňden gowrak bu keseli agyr ýagdaýda geçiren raýatlaryň lukmançylyk kömegi alandygy belenildi.

Geçen ýylyň dekabrynda Hytaý Halk Respublikasy bu ýokançlyk sebäpli girizilen berk çäklendirmeleri gowşadypdy.

Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň dekabrynda bu ýokançylyk Hytaýda ýüze çykyp, tutuş dünýä ýaýrapdy.

Ýene-de okaň

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler