JEMGYÝET

Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Hytaý Halk Respublikasynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygy geçiriler. Bu barada Hytaýyň “Sinhua” habarlar agentligi habar berýär.

Habarlar gullugynyň Hytaýyň daşary syýasat edarasyna salgylanyp beren habaryna görä, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy we daşary işler ministri Wan I 30-njy noýabr-1-nji dekabr aralygynda Hytaýyň günorta-günbataryndaky Syçuan welaýatynyň Çendu şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleriniň 5-nji duşuşygyna başlyklyk eder.

Hytaýdaky bu duşuşyga Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary we daşary işler ministri Murat Nurtleunyň, Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýewiň, Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary we daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýene-de okaň

Jalpa Ratna: ÝUNISEF Türkmenistanyň haýyr-sahawat gazna bilen hyzmatdaşlygyny berkider

Ata Watan Eserleri

Narine Saakýan: Türkmenistanda çagalar döwlet aladasy bilen gurşalan

Oguljahan Atabaýewa haýyr-sahawat gaznasynyň 5 ýyllyk dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistanda saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň “Ozon” internet söwda platformasy Türkmenistanyň bazaryna çykdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Çagalar – parahat we abadan durmuşa mynasypdyr!