BIZNES

Hytaýyň tebigy gaz önümçiligi 2023-nji ýylda 5,6 göterim ýokarlandy

Hytaýyň Milli energetika edarasy 2023-nji ýylda ýurduň tebigy gaz önümçiligi baradaky maglumatlary yglan etdi. Şoňa laýyklykda geçen ýyl ýurduň tebigy gaz önümçiligi öňki ýyl bilen deňeşdirilende 5,6 göterim ýokarlandy we 230 milliard kubmetre deň boldy.

Tebigy gaz önümçiliginde, slanes gazy we gaz gidraty ýaly “standart däl” gazlaryň öndürilişi jemi 96 milliard kubmetrden geçdi we tebigy gazyň 43 göterimini emele getirdi.

Önümçilikde Sinszýan uýgur awtonom sebitiniň Tarim basseýni, Içki Mongoliýa awtonom sebitiniň Ordos sebiti we Siçuan welaýaty öňdäki orunlary eýeledi.

Daşary ýurtdan hem köp möçberde tebigy gaz we nebit ýaly uglewodorod serişdelerini satyn alýan Hytaýda 2022-nji ýylda 364,6 milliard kubmetr tebigy gaz sarp edildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder