DÜNÝÄ

Hytaýyň daşary işler ministri Özbegistana barar

Özbegistanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Bahtiýor Saidowyň çakylygy boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, daşary işler ministri Sin Gan Özbegistana ilkinji saparyny amala aşyrar.

Hytaýyň daşary syýasat edarasynyň sapary 12-13-nji aprelde göz öňünde tutulýar. Ministr Sin Gan Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň 4-nji duşuşygyna gatnaşar. Bu duşuşyk Samarkant şäherinde geçiriler.

Şeýle hem daşary işler ministri Sin Gan Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşar.

Mälim bolşy ýaly, şol günler Samarkant şäherinde Russiýa-Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleriň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň mejlisine taýýarlyk görýär

Türkmenistan wekiliýeti Parižde ÝUNESKO-nyň çärelerine gatnaşdy

Türkmenistan bilim ministriniň Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş direktory bilen duşuşygy

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işläp başlady

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparyny guramak maslahatlaşyldy

Ýewropa Komissiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary