DÜNÝÄ

Hytaýyň Başlygy Si Szinpin Saud Arabystanyda

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Saud Arabystany Patyşalygynda 3 günlük resmi saparda bolýar. 

HHR-iň Başlygy Si Szinpin Saud Arabystanynyň döwlet ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Şeýle hem ol Pars aýlagyndaky arap döwletleri hyzmatdaşlygynyň geňeşine agza ýurtlaryň döwlet ýolbaşçylary, şol sanda hytaý-arap sammitine gatnaşar. Er-Riýada Arap ýurtlarynyň 30 lideri çagyryldy.

Si Szinpiniň bu saparynyň çäklerinde Hytaý bilen Saud Arabystanynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga, şeýle de umumy bahasy 30 milliard dollara barabar bolan köp sanly  ylalaşyga gol çekildi. Hususan-da, Hytaýyň we Saud Arabystanynyň firmalary ýaşyl energiýa, maglumat tehnologiýasy, bulut hyzmatlary, ulag, gurluşyk we beýleki pudaklara maýa goýmak üçin 34 şertnama gol çekdi

Hytaý Ýakyn Gündogarda Saud Arabystanynyň iň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biridir. Saud Arabystany özüniň nebitiniň dörtden bir bölegini Hytaýa satýar. Bu saparyň çäklerinde ýangyç-energetika pudagynda ýuan bilen hasaplaşyk geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy