DÜNÝÄ

Hytaýyň Başlygy Si Szinpin ABŞ-a bardy

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň San-Fransisko şäherine bardy. Ol bu ýerde Aziýa-Ýuwaş ummany ykdysady hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşar.

HHR-iň Başlygy Si Szinpini Kaliforniýa ştatynyň gubernatory Gawin Nýusom, ABŞ-nyň maliýe ministri Janet Ýellen we beýleki resmi adamlar garşylady.

“Sinhua” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Si Szinpin ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen duşuşar. Bellenilişi ýaly, ABŞ-nyň we Hytaýyň döwlet ýolbaşçylary soňky gezek 2022-nji ýylyň noýabrynda Indeoniýazynyň Bali adasynda “Uly-20-ligiň” sammitiniň çäginde duşuşypdy.

Aziýa-Ýuwaş ummany ykdysady hyzmatdaşlyk forumynyň nobatdaky sammiti “Hemmeler üçin ýaşamaga ukyply we durnukly geljegi döretmek” şygary bilen geçirilýär. Sammit 15-17-nji noýabrda San-Fransiskoda geçiriler. Bu gurama Hytaý we ABŞ bilen bir hatarda 21 döwlet girýär.

Aziýa-Ýuwaş ummany ykdysady hyzmatdaşlyk forumy –  sebitleýin ykdysady forum bolup, 1989-njy ýylda Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlarynyň arasyndaky özara baglanyşygy pugtalandyrmak üçin döredildi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri