DÜNÝÄ

Hytaý-Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Hytaý Halk Respublikasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky “C+C5” formatyndaky duşuşygyň ikinjisi geçirilýär.

Hytaýyň daşary işler ministri Wang I-niň guramagynda Hytaýyň Sian şäherinde geçiriljek duşuşyga Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi, Gyrgyztanyň daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew, Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow gatnaşar. Bu barada Hytaýyň daşary syýasat edarasynyň resmi internet saýtynda bellenilip geçilýär.

12-nji maýda geçiriljek “Hytaý-Merkezi Aziýa” daşary işler ministrleriniň duşuşygy bu formatdaky ikinji hem-de ilkinji ýüzbe-ýüz duşuşyk bolar. Mälim bolşy ýaly, bu formatdaky duşuşygyň ilkinji 2020-nji ýylyň iýulynda onlaýn tertibinde geçirilipdi.

Hytaý we Merkezi Aziýa ýurtlary däp bolan dostluk we dürli pudaklarda ýakyn hyzmatdaşlygy bolan dostlukly goňşular we strategiki hyzmatdaşlardyr – diýlip, bu baradaky metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.

Şu ýyl Merkezi Aziýa ýurtlary özüniş Garaşsyzlygynyň 30 ýylylgyny belleýär. 2022-nji ýylda bolsa, Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky diplomaitk gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar.

Nobatdaky duşuşygyň çäklerinde ministrleriň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny, epidemiýa garşy hyzmatdaşlyk etmek, umumy gyzyklanma döredýän beýleki meseleler barada çuňňur pikir alyşmalar geçirilip, degişli resminamalaryň gol çekilmegine garaşylýar. Şeýle hem birnäçe ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikler geçirer.

 

 

 

Ýene-de okaň

Palestina Türkmenistana täze ilçi belledi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Halkara sergiler býurosynyň Baş Assambleýasynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Ilçisi “Chimcomplex” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirdi

Türkmen wekiliýeti Tatarystanyň Baştutany bilen duşuşdy

Türkmenistan Eýrandaky Bahreýniň raýatlaryna ynsanperwer goldawy bermäge taýýar

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy daşary ýurt raýatlarynyň Eýrandan dolanmagyna kömek bermäge taýýar