BIZNES

Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demirýoly 5 ýylda gurlar

Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demirýolunyň 5 ýylda guruljakdygy bellenildi. Bu barada Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Akylbek Žaparow halkara ylmy maslahatda eden çykyşynda belläp geçdi.

Onuň bellemegine görä, bu iri taslamany durmuşa geçirmäge girişildi. Gyrgyzystanyň köp milliardly bazary bolan Hytaý bilen üstaşyr arabaglanyşygy ýok. Şonuň üçin bu taslama möhümdir.

Akylbek Žaparow bu taslamanyň ýakyn 5 ýylda tamamlanjakdygyny belledi. Demir ýoluň uzynlygy 450 kilometrden gowrakdyr. Ol Hytaýyň we Özbegistanyň demirýoluny Gyrgyzystanyň üsti bilen birleşdirýär we soňlugy bilen Türkmenistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň üsti bilen geçip gider. Ol bu ýurtlary Täze Ýüpek ýoly ulag ulgamy arkaly Ýewropanyň demirýollaryna birleşdirer.

Gyrgyzystanyň çäginde bu demirýoluň gurluşygynyň bahasy 1.34 milliard dollar möçberinde çaklanylýar. Bu taslamanyň umumy bahasynyň 8 milliard dollara barabar bolmagyna garaşylýar we onuň agramly böleginiň hytaý tarapyndna maliýeleşdirilmegi göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Amerikada zähmet çekmek wizasynda wajyp täzelik: H-1B lotereýasy ýatyrylýar

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi

Balkan welaýatynda döwrebap ýyladyşhana ulanylmaga berildi

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň iri sergisi geçiriler

Gökdepe etrabynyň çäginde arassalanan agyz suwuny öndürýän kärhana açyldy

Bäherdende talh öndürýän kärhana açyldy