SIZDEN GELENLER

Hytaý döwletiniň gadymy şäherleri

Daksu – bu gadymy şäher mundan 2000 ýyldan ozal döräpdir. Orta asyrlarda şäheriň iň gülläp ösen döwri bolupdyr. Şol döwürde ilatyň ýaşaýjylary Li derýasy arkaly söwda edipdirler. Esasy şäherde gadymy binägärçilik (arhitektura) sungaty özüňe çekýär. Bu ýerde köne daşdan salnan köçelere, ybadathanalara we taryhy bazarlara synlamak bolýar.

Pinýao – XIV asyrda Hytaýyň söwda merkezi hasaplanan gadymy şäherdir. Şäheriň gadymy diwarlary ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilendir. Esasan hem häzirki wagta çenli gadymy taryhy arhitekturalar öz durkuny ýitirmän gelýär. Bu ýerde syýahatçylary diňe bir ýadygärlikleri dälde, ýerli dükanlary we bazarlary hem aýratyn ünsüni çekýär.

Şanhaý – 1912-nji ýylda gadymy şäheriň daş – töweregini gurşap alan diwarlaryny bejerip başlapdyrlar. Şol döwürden başlap ol bütin dünýä üçin açyk bolupdyr. Şähere gadymy ybadathanalary we baglary aýratyn bezeg berýär.

Fenhuan – Hunan welaýatynyň çäginde ýerleşýär, bu gadymy şäheriň töweregini beýik daglar tutýar. Şäherde Hytaýyň täsinligi hasaplanýan belli gyrmyzy kaknusy (Feniksa) duş gelýär. Min we Sin (Мин и Цин) döwründe gurlan jaýlar häzirki wagta çenli durkuny saklap gelýär we bu jaýlar ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi. Şol sebäpli hem Fenhuan Hytaýyň iň owadan şäherleriniň biri hasaplanylýar.Syýahatçylar şäherde gaýyklarda aýlanyp, şäheriň we tebigatyň täsinliklerini synlaýarlar.

Sian – Hytaýyň gadymy paýtagty hasaplanýan şäherdir. Terrakot goşunlary (Терракотовая армия), şäher diwarlary, ilkinji imperatoryň mazary, Şensi we Stele taryhy muzeýleri şähere gelýän syýahatçylary özüne çekýär. Sian özüniň gaýtalanmajak opera sungaty bilen meşhurlyga eýe bolýar.

 Nankin – Ýanszy derýasynyň boýunda ýerleşen gadymy şäherdir. Ol sebitde iň uly şäher hasaplanýar. Şähere Sun Ýatsen mawzoleýi, imperator Çžu Ýuançžanyň mazary we Konfusiý ybadathanasy aýratyn bezeg berýär.

Kaýfyn – uly şäherleriň bir bolup, Huanhe derýasynyň boýunda ýerleşýär. Şäherde 5 milliondan gowrak ilat ýaşaýar. Ol özüniň kalligrafiýa sungaty bilen aýratyn tapawutlanýar. Şäherde oktýabr we noýabr aýlarynda şäheriň köçelerinde hrizantema (gül) festiwaly geçirilýär.

Pekin – dünýäde iň uly gadymy şäher hasaplanylýar. Pekinde birnäçe taryhy ýadygärlikler bar. Olara Beýik Hytaý diwary, “Gadagan” şäher, Asman ybadathanasy, “Tomus” köşki, Týananmen meýdançasy, Mingiň mazary degişlidir.

Loýan – Hytaý siwilizasiýasynyň dörän ýeri hasaplanylýar. Şäher ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi. Ol özüniň Buddanyň relýefiniň bu çäkde barlygy bilen gelenleri haýrana goýýar. Ol ýerde gaýalara we müňlerçe gowaklara synlap bolýar.

Guýlin – b.e. 314-nji ýylynda Li derýasynyň ýakasynda dörän gadymy şäherdir. Häzirki wagtda Guýlin Hytaýda syýahatçylaryň köp bölegini kabul edýän şäher hasaplanýar.

Baýgeldi ÇARYÝEW,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň

geografiýa fakultetiniň IV ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika