DÜNÝÄ

Hytaý bilen Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk başlangyçlaryny tassyklady

Şu gün Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Nur-Sultan şäherinde Merkezi Aziýanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň 3-nji duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşdy.

Gazagystanyň daşary işler ministri Muhtar Tleuberdiniň gurnamagynda geçirilen duşuşyga Hytaýyň daşary işler ministri Wan I, Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew, Özbegistanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Wladimir Norow hem-de Täjigistanyň ulag ministri Azim Ibrahim gatnaşdy.

Bu duşuşygyň üstünlikli tamamlandygyny mälim eden Gazagystanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy beren metbugat beýanatynda: “Şu günki duşuşyk diýseň täsirli boldy. Adaty dostluk, aç-açanlyk we pragmatizm ruhunda bolup geçen pikir alyşmakdan kanagatlanýarys. Duşuşyga gatnaşyjylar “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň ýylsaýyn mümkinçiligini we netijeliligini ýokarlandyryp, maksatlaryna ýetýändigi barada bir pikire geldiler” – diýip belledi.

Gazak ministri bu duşuşygyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenýän ýylynda geçirilmeginiň örän uly ähmiýete eýedigini belledi.

– Gepleşiklerimiziň çäginde ählumumy hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, onuň möhüm mümkinçiligini açmak we Merkezi Aziýa sebitini parahatçylyk, dostluk, özara goldaw, durnukly ösüş we sazlaşyk giňişligine öwürmek isleýändigimizi tassyklaýarys – diýip, Gazagystanyň daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi belledi.

Onuň bellemegine görä, ministrler Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň döwlet ýolbaşçylarynyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmek babatda “Ýol kartasy” kabul edildi.

Bu resminama howpsuzlyk, ulag we logistika, energetika, senagaty güýçlendirmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, “ýaşyl” ykdysadyýet, maglumat senagaty, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk we beýleki ugurlardaky strategik hyzmatdaşlygy öz içine alýar.

Şeýlelikde, bu formatyň çäklerinde Gazagystan özüniň başlyklygyny tamamlady. Forumyň 4-nji duşuşygy üçin başlyklyk Hytaý Halk Respublikasyna geçdi.

Bu hyzmatdaşlyk platformasy 2020-nji ýylda Hytaýyň başlangyjy bilen döredildi we onuň maksady Merkezi Aziýa döwletleri bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakdan we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdyr.

Şeýle formatdaky soňky duşuşyk 2021-nji ýylyň 12-nji maýynda Hytaýyň Sian şäherinde geçirilipdi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bu duşuşygyň çäklerinde Gazagystanyň daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi hem-de Hytaýyň daşary işler ministri Wan I bilen duşuşyklar geçirdi.

 

Adam beýnisiniň işleýşini güýçlendirýän saz

 

Ýene-de okaň

Russiýa Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýar

Türkmenistan bilen Pakistanyň zenan parlamentarileriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy

BMG-niň Baş sekretary wezipesine ýene iki dalaşgär hödürlendi

Tramp içerki howpsuzlyk ministrini üýtgetmek kararyny mälim etdi

Türkmenistanyň ilçisi Ýewropa Parlamentinde brifing geçirdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda gynanç kitabyna ýazgy galdyrdy

Ata Watan Eserleri