JEMGYÝET

Hyýaly Hakykat

Birden meni gudrat guçup,
Äkitse şöhle deý myçyp.
Duşarmykam Ýer deý ýere,
Gezsem älem içre uçup.

Duşsam adamzada birden,
Gaçmazmyka aklym serden.
Gorap Ýeriň mertebesin,
Durup bilermikäm merdem.

Ýüzlense ol “gürrüň ber”diýp,
“Ýer diýýäniň niçik ýer?”diýp.
“Niçik janly jemendesi,
Nähil olar ýerbe-ýer?” diýp.

Tolgunaryn durup bilmen,
Belki dil hem urup bilmen.
Daşda galan Ýer durmuşyň,
Göz öňümde gurup bilmen.

Dürsäp ahyry özümi,
Taparyn diýjek sözümi.
Ýetirerin waspyň seniň,
Berse Alla owazymy.

Bir gysym topragyň bolup,
Bir ýaşyl ýapragyň bolup.
Dil açaryn sen hakynda,
Seniň ýaz depregiň bolup.

Beýan eýlärin barçany,
Dag, suw, howa, ot, arçany.
Janly keşpde ýetirerin,
Pil, garynja, it, serçäni.

Birdenkä saklanyp dymsam,
Ne aglasam, ne-de gülsem.
Sende bolýan uruşlary,
Aýtmaklygy namys bilsem.

Allaň gudraty ýaradan,
Sen Ýer sahy hem owadan.
Ýaşalýar üstünde rahat,
Synlanyňda daş gyradan.

Emma ser aýlasaň ýerden,
Üstünde bar uruş her dem.
Ýitirip akyl-paýhasyn,
Öldürýär adamy adam.

Ýok,elbetde günä sende,
Uruşýar adam jemende.
Salyp seni paýlaşyga,
Döküp ýör gan adam bende.

Ýetişmänkäm edip beýan,
Pikrim oňa bolsa aýan.
“Bizde uruş düşünje yok,
Oň gürrüňem bize zyýan…”

Diýip ýeňletse ýagdaýym,
Bordy hakykata gaýym.
Uruşsyz hem Ýer bar eken,
Senem dyndarsyn, Hudaýym…

Baýram RAHMANOW

Balkan welaýaty, Magtymguly şäheri

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen FAO guramasynyň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi

ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Goruň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy guralar

Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi