BIZNES

Hususy telekeçileriň dykgatyna

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy “Hususy telekeçileriň dykgatyna” ady bilen “Türkmenistan” gazetinde bildiriş neşir etdirdi. Onda şeýle diýilýär : Hormatly telekeçiler!  Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy “Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda” Türkmenistanyň  Kanunynyň 21-nji maddasyna laýyklykda, 2020-nji  ýylyň  II ýarymy üçin hasabat döwrüniň  başlanandygyny we şu ýylyň  1-nji ýanwaryndan  15-nji fewraly aralagynda  Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasyna beýannamalaryň  berilmegi bilen bir wagtyň özünde  pensiýa gatançlarynyň  tölenilmelidigini ýatladýar!

 

Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda

TÜRKMENISTANYŇ K A N U N Y

21-nji madda. Pensiýa gatançlarynyň beýannamasy

 

  1. Pensiýa gatançlarynyň beýannamasy ätiýaçlandyrýan tarapyndan hasabat döwri üçin Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasyna berilýän, pensiýa gatançlaryny hasaplamak we tölemek üçin hasabatlylygynyň görnüşi bolup durýar.

 

  1. Şu Kanunyň 6-njy maddasynyň birinji böleginiň 1-nji we 2-nji bentlerinde görkezilen ätiýaçlandyrýanlara, şeýle hem ätiýaçlandyrýanlara-ýuridik şahsy döretmezden, telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslara-hususy telekeçilere olarda işleýän şahslar üçin hasabat döwri bir senenama aýy bolup durýar.

Bu döwür üçin beýannama hasabat aýyndan soňky aýyň 20-sinden gijä galman berilýär.

  1. Ätiýaçlandyrýanlara-ýuridik şahsy döretmezden, telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslara-hususy telekeçilere özleri üçin, ätiýaçlandyrýanlar-hünärmenlik hyzmatlaryny etmek boýunça işi amala aşyrýan fiziki şahslar üçin, şu Kanunyň 6-njy maddasynyň birinji böleginiň 4-nji we 5-nji bentlerinde görkezilen ätiýaçlandyrýanlar üçin, muňa kärendeçiler degişli däldir, her ýylyň 1-nji ýanwaryndan 30-njy iýunyna çenli we 1-nji iýulyndan 31-nji dekabryna çenli aralykdaky döwür hasabat döwri bolup durýar.

Bu döwür üçin beýannama hasabat döwrüniň soňundaky ikinji aýyň 15-inden gijä galman berilýär.

4.Şu Kanunyň 6-njy maddasynyň birinji böleginiň 4-nji bendinde görkezilen ätiýaçlandyrýanlar – kärendeçiler üçin hasabat döwri ýylda bir gezekden az bolmazlyk bilen oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möwsümine laýyklykdaky döwür bolup durýar.

Bu döwür üçin beýannama hasabat döwrüniň soňundaky ikinji aýyň 15-inden gijä galman berilýär.

  1. Pensiýa gatanjynyň beýannamasynyň görnüşi we ony doldurmagyň tertibi Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşmak arkaly tassyklanylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bitaraplygyň 30 ýyllygyna täze «Yutong» awtobuslaryny satyn alar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetiniň BAE iş sapary tamamlandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan 700 sany “Yutong” kysymly awtobuslary satyn alar

Ata Watan Eserleri

“Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasy Arkadag şäherinde Çeper halyçylyk kärhanasyny gurar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk söwda nokatlary açylar

Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny doly aradan aýrar