BILIM

Hususy kärhanalaryň işgärlerini tölegsiz iňlis dili okuwlaryna çagyrýarys!

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan maliýeleşdirilýän Iňlis dilini ösdürmek (ELCD) maksatnamasy hususy kärhanalaryň işgärlerini Aşgabat, Balkanabat, Daşoguz, Mary, Türkmenabat we Türkmenbaşy şäherlerinde geçiriljek tölegsiz iňlis dili kurslaryna gatnaşmaga çagyrýar.

Bu kurslar halkara söwda, eksport üçin haryt öndürmek, daşary ýurtlardan harytlary we hyzmatlary satyn almak, hem-de degişli ugurlarda işleýän hünärmenlere iňlis dilini kämilleşdirmäge we işlerinde dil päsgelçiligini aradan aýyrmaga ýardam eder.

 Okuw barada maglumat:

  • Formaty: “offline” görnüşinde intensiw okuwlar.
  • Dowamlylygy: 2026-njy ýylyň fewral – noýabr aýlary aralygynda.
  • Kurslar tölegsiz.

 Kimler gatnaşyp biler:

Häzirki wagtda halkara söwda, eksport üçin haryt öndürmek, daşary ýurtlardan harytlary we hyzmatlary satyn almak, we degişli ugurlarda işleýän Türkmenistanyň raýatlary .

Maksatnama gatnaşyjylar bäsleşik esasynda saýlanyp kesgitlener.

 Okuwa gatnaşmak üçin 2026njy ýylyň ýanwar aýynyň 12ne sagat 23:59 çenli aşakdaky link arkaly anketany dolduryp ýüz tutuň: https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSfjVxoYkSdm-DFftHfHk06gn10b2zAl1OUUbmb_qi4NX3nDVA/viewform?usp=header   

Soraglar ýüze çykan ýagdaýynda şu elektron salgysy arkaly habarlaşyp bilersiňiz: elcd.tkm@gmail.com

Ýene-de okaň

Türkmenistanlylara Ýewropa ýurtlarynda magistr maksatnamasy üçin okamak mümkinçiligi

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi türkmen ýaşlaryny bilim almak mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrdy

Aşgabatda VI Açyk halkara matematika olimpiadasy başlandy

Türkmen wekiliýeti Tatarystanyň bilim innowasiýalaryny öwrenýär

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri