BIZNES

“Huawei” Ewerestiň depesine 5G antenna ýerleşdirdi

Hytaýyň “Huawei” tehnologiýa kompaniýasy, dünýäniň iň beýik gerişleriniň bir hasaplanýan Ewerestiň depesine 5G antennasyny ýerleşdirdi.

“China Mobile” we “Huawei” bilelikde aragatnaşyk pudagynda möhüm ädim ätdi. Iki kompaniýa 5G gurşawyny üpjün etmek üçin Ewerestde antennalar ýerleşdirdi. Berlen beýanata görä, antennalar Ewerestiň 5500 we 5800 metr belentlikde ýerleşdirilipdir.

Taslamanyň ikinji tapgyry 25-nji aprelde başlanar. Ikinji tapgyrda 6500 metr belentlige  täze antenna ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Hytaý internetiň täze nesli hasaplanýan 5G ulgamyny durmuşa ornaşdyrmakda öňdeligi eýeleýär. Ýurduň dürli künjeklerinde 5G ulgamy ornaşdyryldy we bu ulgam boýunça hyzmatlar berlip başlandy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder