JEMGYÝET

Howpsuz, düzgünleşdirilýän we yzygiderli migrasiýa

“Howpsuz, düzgünleşdirilýän we yzygiderli migrasiýa” hakyndaky Ählumumy Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň Iş toparynyň Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen bilelikdäki iş maslahaty geçirildi.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyna Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy jenap Zeýnal Hajiýew, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Türkmenistandaky wekili, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň, şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Iş maslahatynyň barşynda taraplar, Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi barada belläp, “Howpsuz, düzgünleşdirilýän we yzygiderli migrasiýa” hakyndaky Ählumumy Ylalaşygyň wezipeleri, olary durmuşa geçirmegiň usullary hem-de bu halkara resminamasyny milli derejede amala aşyrmaklygyň netijeli gurallary barada pikir alyşdylar.

Iş maslahatynyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň barha giňeldilýändigini belläp, migrasiýa babatdaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna uly ynam bildirdiler.

Ýene-de okaň

Eýran ynsanperwer kömek üçin Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasynа minnetdarlyk bildirdi

Aşgabatda gender deňligi boýunça parlamentara dialogy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda ilkinji gezek Türkmenistan–ÝB işewürler forumy geçirildi

Sadyr Žaparow: gyrgyz-türkmen gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar

Türkmenistanda gowaça ekişine badalga berildi

Putin: Russiýa Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürer