JEMGYÝET

Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işleri giňeldilýär

Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň agzalary we Mejlisiň deputatlary bilen duşuşygynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan dolandyrylar.

Bu barada gol çekilen Karar şeýle:

– Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezindäki Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem-de onuň çägindäki awtoduralgalaryň gurluşygy tamamlanandan soň, ýokary derejede dolandyrylmagyny üpjün etmek, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işine döwlet tarapyndan goldaw bermek maksady bilen, şeýle hem “Hossarlyk we howandarlyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna hem-de “Eýeçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň16-njy maddasynyň bir belgili bäşinji bölegine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Gurluşyk we binagärlik ministrligine “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezini gurmak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde çykaran 2227-nji Kararyna laýyklykda gurulýan Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezini, şol sanda edara binasyny, 150 orunlyk çagalar bagyny, 100 orunlyk ýatylýan binany we çagalar sagaldyş merkezini hem-de “Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň çäginde awtoduralgalary gurmak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda çykaran 2560-njy Kararyna laýyklykda gurulýan awtoduralgalary, olaryň gurluşygy tamamlanandan soň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hasabyna bellenilen tertipde muzdsuz bermek tabşyryldy.

Kararda görkezilen degişli desgalary, olary saklamak bilen bagly çykdajylary Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň býujet serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmek bilen, dessin dolandyryş hukugynda peýdalanmak üçin, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda gaznanyň Esaslandyryjysy tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän, ýedi adamdan ybarat bolan Ýaşulular Geňeşini döretmek bellenildi.

Şeýle hem Karar bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Tertipnamasy hem-de şu gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular Geňeşi hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

 

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna hat iberdi

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi